
Täzelikler
Ak ýollar päk arzuwlaryň mekany
Çap edilen
Ak ýollar päk arzuwlaryň mekany. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ahyrky tapgyrynyň, Mary - Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna şan berýän ajaýyp wakalaryň biri boldy. Müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhymyzda gadymy Nusaýdan gadymy Amula kerwen gatnan ýollarda häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda ýokary derejede, üstünlikli durmuşa geçirilen bu iri taslama Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldýändiginiň iş ýüzündäki anyk mysalydyr. Berkarar döwletimiziň täze ösüş tapgyrynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri gurluşyklar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.
Ak ýollar päk arzuwlaryň mekany.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ahyrky tapgyrynyň, Mary - Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna şan berýän ajaýyp wakalaryň biri boldy. Müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhymyzda gadymy Nusaýdan gadymy Amula kerwen gatnan ýollarda häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda ýokary derejede, üstünlikli durmuşa geçirilen bu iri taslama Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldýändiginiň iş ýüzündäki anyk mysalydyr. Berkarar döwletimiziň täze ösüş tapgyrynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri gurluşyklar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli birnäçe jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hoşallyk maslahatlary gurnaldy. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat we etrap birleşmesi bilen bilelikde “Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly – Berkarar döwletin täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň täze ösüşlerine badalga” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berilen bu ýol diňe, bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ykdysady, söwda we durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, giň mümkinçilikleri döredýändigi barada gürrüňleri beýan etdiler. Bu ýol ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini ýokarlandyrmaga, sebitleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi, il bähbitli işleriň amala aşyrylmagy we welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza şeýle taryhy gurluşygyň amala aşyrylmagyna beren goldawy üçin tüýs ýüregimizden hoşallyk bildirýäris.
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowa.