
Täzelikler
Garaşsyzlyk belent maksat tutanym, at-myradyň mekanydyr Watanym!
Çap edilen
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan diýarymyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda, Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işleri dowam etdirýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary düýpli öwrenilýär we olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň köpasyrlyk taryhy we milli medeni mirasy bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan watanymyzyň baý medeniýetini, sungatyny ylmy esasda öwrenmeklige halkymyzyň arasynda giňden wagyz etmeklige giň mümkinçilikler döredilýär
Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew, Dänew etrap Geňeşlikleriniň bilelikde gurnamagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-nji “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at - myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyzlyk-biziň milli buýsanjymyz, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan berkararlyk binýadydyr” atly il sylagly ýaşuly nesliň wekilleriniň bilim, medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.Maslahatyň dowamynda myhmanlar muzeýde gurnalan baýramçylyk sergisine uly ruhubelentlikde tomaşa etdiler.Muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklarymyzdan düzülen baýramçylyk sergisi oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirli pursatlary galdyrdy. Maslahatyň hem-de sergi bilen, tanyşlygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda milli mirasymyza, milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini döretmekde, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylamak ugrunda döredijilikli zähmet çekmekde uly mümkinçilikler döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýtdylar.
Gülsere Nurmyradowa – Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy