
Täzelikler
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Lebap welaýatynda goşa baýram goşa toý
Çap edilen
Bu gün bütin ýurdymyzda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň nurana we şanly baýramlarynyň biri bolan Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabaralara belenip bellenilýär. Indi 2007-nji ýyldan bäri giň gerimde bellenilýän bu şanly sene diňe bir täze okuw ýylynyň başlangyjy bolman, eýsem ýurdymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanýan belent sepgitleriniň we röwşen geljeginiň aýdyň nyşanydyr.Döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň barha golaýlaşýan günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Ýurdymyzyň ähli künjeklerindäki ýaňlanan ilkinji jaň sesleri täze üstünlikleriň we kämilleşmegiň täze tapgyrynyň başlandygyny buşlady.Şu ýylky baýramçylygyň iň şanly wakalarynyň bir Gündogar sebitimizde Lebap welaýatymyzda ýurdymyzyň iň baýry ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instudynyň 5 müň orunlyk täze döwrebap binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegidir ,,Nahal” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan joşgunly Amyderýanyň boýunda 26 gektar giň meýdanda gurlan bu ajaýyp bilim şäherçesi milli binagärlik sungatymyz bilen döwrebap arhitekturanyň nepis utgaşmasyna öwrüldi.Ýeri gelende buýsanç bilen belläp geçsek bu ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynda döwrebap muzeýiň gurulmagy mugallymlaryň hem-de talyplaryň taryhymyz hem-de milli gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmäge örän ähmiýetlidir. Bu ajaýyp muzeý diňe bir ylym ojagynyň köpýyllyk şöhratly taryhyny gorap saklamak bilen çäkenmän, eýsem talyp ýaşlaryň taryhy we medeni dünýäsini baýlaşdyrjak hakyky şamçyraga öwrüler.Muzeýde ýerleşdirilen taryhy resminamalar,milli gymmatlyklar halkymyzyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän gymmatly eksponatlar nurana geljegiň bagtyýar ýaşlarynda watana hem-de milli gymmatlyklara bolan söýgimizi has-da pugtalandyrar. Taryhyň medeniýetiň döwrebap sanly ulgamlar bilen utgaşyp gidýän bu mukaddes künjegi talyplaryň ylmy-gözleg we terbiýeçilik işlerinde iň esasy gollanma bolar.Welaýatymyzyň baýramçylyk şatlygy diňe bir munuň bilen çäklenmedi Çärjew etrabynda hem ähli amatlyklary özünde jemleýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze umumy bilim berýän mekdep dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu taryhy baýramçylyk günündäki goşa baýram goşa toýa öwrülen açyşlar gündogar sebitiň ylym- bilim kuwwatynyň belent sepgitlere ýetýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bedew batly ösüşlere beslenýän zamanamyzda okamaga öwrenmäge,döredijilikli zähmet çekip milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary,sag belent başlary aman tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Gülälek Batyrowa –Lebap welaýat taryhy we ülkäni ňwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.