Täzelikler

Demir senetçiliginiň taryhyndan

Çap edilen

  Öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýan maldarçylyk pudagy, ekerançylyk pudagy, halyçylyk sungaty, zergärçilik sungaty şeýle hem çerimgärçilik sungaty we demir senetçiligi halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň  esasy aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Halkymyzyň bu milli senetleri ýyl geçdigiçe barha kämilleşip milli mirasa öwrülipdir şeýle hem gadymy milli hünärlerini saklap gelipdirler.Häzirki döwrümizde halkymyzyň milli däp-dessurlaryny we olaryň aýratynlyklaryny öwrenmäge uly mümkinçilikler açyldy. Sebäbi halka ruhy daýanç boljak esasy güýç milleti millet edýän ruhy baýlykdyr. Halk medeniýetini etnografiýasyny hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmek türkmen halkynyň gelip çykyşyny we kemala gelşini, onuň beýleki halklar bilen etniki, medeni hem ykdysady aragatnaşyklary derňemekde-de möhüm çeşme bolup hyzmat edýär.Türkmen halky ir döwürlerden bäri ekerançylyk (çomry) we maldarçylyk (çarwa) hojalyklaryny utgaşdyryp ýöredipdir. XVII asyrda, aýratynam, XVIII  asyryň birinji ýarymynda türkmenleriň hojalygynda maldarçylyk bilen ekerançylygyň gatnaşygy olaryň peýdasyna üýtgäpdir. Çünki bu döwürde ilatyň oturymlylyga geçmegi güýçlenip başlapdyr. Ýurdumyz Garaşsyz bolansoň, ýatdan çykarylan köne däp-dessurlar gaýtadan dikeldilmek bilen, milli senetçiligimizi ösdürmäge hem aýratyn üns berlip başlandy. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmen medeniýeti atly kitabynda şeýle belleýär. “Adamzat aňynyň ösüşiniň gazanan iň ýokary we aýgytly ädimleriniň biri gündelik durmuşda demir metalyny özleşdirip, ondan ýasalan iş we zähmet gurallaryny, ýaraglary, enjamlary ulanyp başlamagydyr”  Türkmen halky ir döwürlerden bäri beýleki ugurlar bilen birlikde demirçilik senedini hem ýöredipdirler. Ata-babalarymyzyň döreden maddy we ruhy baýlyklarynyň arasynda demirden birnäçe hojalyk esbaplary ýasamak  has-da möhüm orun tutupdyr. Demirden ýasalan zähmet gurallaryny barha kämilleşdiripdirler we şol esasda her döwrüň özboluşly ussatlyklary şöhlelendirilipdir. Çünki çeper ussatlaryň ýurdy hasaplanýan türkmen topragynda-da demirden edilen zatlary taýýarlamak sungaty her kime başartmandyr. Adamzat aňynyň ösüşiniň gazanan iň ýokary we aýgytly ädimleriniň biri gündelik durmuşda demir metalyny özleşdirip, ondan ýasalan iş we zähmet gurallaryny, ýaraglary, enjamlary ulanyp başlamagydyr.Ylmy tassyknamalar ynsan nesliniň baryp daş eýýamynda metaldan aw we zähmet gurallaryny ýasamagy öwrenendigini habar berýär.Ýöne ol döwürlerde häzirki ýaly tebigy demir däl-de, meteorit metallar ulanylypdyr. Elbetde, demri eretmek üçin örän ýokary derejedäki gyzgynlyk gerek bolýar. Munuň üçin bolsa gadymy senetçiler ýörite ojaklary- küreleri gurupdyrlar. Ody körük edip, lowlap durar ýaly ýelpewaçlary oýlap tapypdyrlar. Demir ussalary üçin aýratyn iş otagy gurlup, ol zerur enjamlar, iş gurallary bilen üpjün edilipdir. Demir ussahanalary, adatça, gadymy obalaryň, şäherleriň çetinde ýerleşipdir. Demirçileriň küreleri, esasan, daşdan, kähalatda, ýörite bişirilen kerpiçden dörtburç, gönüburç, ýarymaýlaw tegelek görnüşde gurlup, onuň içinden agaç küdeleri ýa-da kömür ýakylypdyr. Eretmek maksady bilen ojagyň üstünde goýulan demir magdanynyň erginini ýörite gaba akdyrmak üçin lüle-turba goýlupdyr. Ergini ýörite galyplara guýup, gerekli enjam-gurallary ýasapdyrlar. Demir asyrynyň başlanmagy bilen ekrançylyk, maldarçylyk, senetçilik ýokary öndürijilikli aýratyn pudak hökmünde kemala gelipdir. Bürünç asyry döwri Ýewraziýa sähralarynyň taryhynda gadymy medeniýetleriň köpüsine sähralarynyň taryhynda gadymy medeniýetleriň, şol sanda Merkezi Aziýa medenýetlerine hem örän güýçli täsir eden sähraly jemgyýetleriň emele gelen wagtydyr. Özleriniň baý medenýetleri bolan çarwa tire – taýpalar, birinji nobatda, mal bakmak bilen baglanyşykly durmuş adaty arkaly bürünç asyrlary döwründe Merkezi Aziýanyň ilatynyň dürli taýpalarynyň medeni gatnaşyk hereketlerinde möhüm orny eýeläpdir.Adamzat taryhynyň dowamlylygynda metalyň ulanylyp başlanylmagy bilen ykdysady we medeni ösüşiň iň ýokary derejesine ýetilipdir. Hünärmentçilik we öý senetçiligi türkmen etnografiýasynyň az öwrenilen wajyp meseleleriniň biridir. XIX asyryň aýagyndan – XXI asyryň başlaryna çenli Günorta Türkmenistanda demirçilik we misgärçilik senetleri we metallary işläp bejermek öňki däpleriň esasynda dowam edipdir. Bu döwür demirçilik senediniň ösmeginiň möhüm zamany bolup, ozalky geçenleriň iň gowy gazananlaryny özünde jemläpdir. Metal önümçiliginde demri işläp bejermeklik taryhyň irki döwürlerine uzap gidýär. Muňa ýurdumyzda geçirilen arheologiýa barlaglarynyň ýüze çykaran tapyndylary şaýatlyk edýärler. Gadymdan dowam edip gelýän senetçilik hünärleriniň özboluşly aýratyn atlary bolupdyr. Meselem, agaç ussasyna “neçjar”, şaý-sep ýasaýan ussa “zergär”, küýzegäre “külal” ýaly atlaryň ulanylmagy senetçilikde dowam edip gelipdir. Metal işläp bejermekde ulanylan esasy çig mal demir bolanlygy sebäpli, bu hünäriň eýesine umumylykda “demir ussasy” ýa-da “demirçi ussa” diýlipdir. Ilat arasynda Hezreti Dawut pygamber demirçiligiň we demirçileriň piri hasaplanypdyr. Orta Aziýada örän seýrek duş gelýän ähmiýetli demirçilik ussahanalary işledilipdir. Amully demirçileriň sadaja gurluşly kürelerde we ýönekeý iş gurallary arkaly taýýarlanan pil, kätmen, orak, teşe, palta, zynjyr, gaýçy, gyrkylyk, haly, darak, ýüň darak, gyrgyç, ütükler ýaly iş gurallary örän ýokary baha  mynasyp bolupdyr. Ýerli demirçi ussalar hatda ýokary hilli polat önümlerini taýýarlamagyda başarypdyrlar. Demir metaly b.e. öň XII-XI asyrlarda ýüze çykyp durmuşda giňden ulanylyp başlanýar. Demir möhüm metal bolup tebigatda örän köp duş gelýär. Adamlaryň demiri işläp bejermegi öwrenmegi bilen ynsanlaryň ýaşaýyş durmuşynda uly öwrülişikler bolupdyr. Ỳöne demriň ýarag we beýleki esbaplary ýasamaklykda esasy metala öwrülmegi üçin örän köp wagt gerek bolupdyr. Bu hadysa mundan ozal 3,5 müň ýyllykda amala aşyrylypdyr. Demirçi ussalar tarapyndan demirden iki hili: oda gyzdyryp ýeniçmek we guýma usullary peýdalanylypdyr. Ýeniçme  arkaly oňa gerekli görnüşi beripdirler, guýma usulynda bolsa ýörite galyp ýasalyp, şoňa demiri ergin hala getirip guýupdyrlar. Adamzadyň oýlap tapan bu tehniki usuly henize bu güne çenli öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. B.e.öň II müňýyllygyň ahyrlarynda we I müňýyllygyň başlarynda Türkmenistanda demriň giňden ulanylyp başlan zamanynda has-da güýçlenipdir. Ylmy tassyknamalar ynsan nesliniň baryp daş eýýamynda metaldan aw we zähmet gurallaryny ýasamagy öwrenendigini habar berýän.Ýöne ol döwürlerde häzirki ýaly tebigy demir däl-de, meteorit metallar ulanylypdyr. Elbetde, demri eretmek üçin örän ýokary derejedäki gyzgynlyk gerek bolýar. Munuň üçin bolsa gadymy senetçiler ýörite ojaklary- küreleri gurupdyrlar. Ody körük edip,lowlap duran ýaly ýelpewaçlary oýlap tapypdyrlar. Demir ussalary üçin aýratyn iş otagy gurlup,ol zerur enjamlar, iş gurallary bilen üpjün edilipdir. Demir ussahanalary, adatça, gadymy obalaryň, şäherleriň çetinde ýerleşipdir. Demirçileriň küreleri, esasan, daşdan, kähalatda, ýörite bişirilen kerpiçden dörtburç, gönüburç, ýarymaýlaw tegelek görnüşde gurlup, onuň içinden agaç küdeleri ýa-da kömür ýakylypdyr. Eretmek maksady bilen ojagyň üstünde goýulan demir magdanynyň erginini ýörite gaba akdyrmak üçin lüle-turba goýlupdyr. Ergini ýörite galyplara guýup, gerekli enjam-gurallary ýasapdyrlar. Demir asyrynyň başlanmagy bilen ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik ýokary öndürijilikli aýratyn pudak hökmünde kemala gelipdir. Demir magdany hem-de polat, esasan, söweş ýaraglary, harby gorag esbaplary, demir donlary, iş gurallary we beýleki önümler ýasalanda ulanylypdyr.Türkmenleriň metal işläp bejerijilik sungatyndaky önüm ýasamak usullary we tärleri üns berlende.  metal işläp bejerijiliginde ýençme, urma, döwme hem-de guýma,dökme atlandyrylan esasy iki sany işläp bejeriş täri ulanylypdyr. Mysal üçin tünçden guýma, tärinde misden ýada bürünçden ýençme tärinde önümler ýasalypdyr. Türkmenleriň metal işläp bejeriş sungatynda önümler ýasalanda  dürli görnüşli bezeme usullary hem ulanylypdyr. Oňa mysal hökmünde ussalaryň ulanan gazama, çaýma, gabartma, deşikleme, kakma, ýaldyratma, ýaly bezeme usullaryny görkezmek bolar.Şolaryň arasyndaky kakma usuly,Seljuk türkmenleriniň döwründe metal işläp bejeriş sungatynyň taryhyndaky hiç bir döwürde ýetilmedik ýokary derejä ýetipdir. Metaldan ýasalan eserleriň ýüzüniň sim bilen çukurlanyp, öýjükleriň içiniň başga jynsly we reňkli maddalar bilen doldurylyp bezelmesine kakma usulynda bezeme diýilýär. Seljuk türkmenleriniň döwründe ХII asyryň ortalaryndaky döwürde, Horasanda  esasan hem, günorta Türkmenistanda metal işläp bejermek usuly esasynda sungat döretmeklik giň gerim alypdyr. Gadymy döwürlerde ussalar demir gyzdyryp, işlänlerinde täsin usullary ulanyp, demriň gyzgynlyk derejesini duýupdyrlar. Il içinde “Demir ussa demriň gyzgynlygyny duýup bilmese, ussa bolup bilmez” diýen aýtgy hem bar. Metallardan ýasalan eserler dürli görnüşli bezegler bilen bezelipdir.   Ilat arasynda Hezreti Dawut pygamber demirçiligiň we demirçileriň piri hasaplanypdyr. Bu barada Magtymguly Pyragynyň “Ýerbe-ýer geçdi” diýen goşgysynda hem getirilýär. Beýik şahyryň:

Isa ogly Dawut älemi sürdi,

Hak oňa Zeburyň kelamyn berdi,

Hezreti Dawudyň huzur şägirdi,

Alty müň alty ýüz ahenger geçdi

– diýen goşgy setirlerinde ýatlanýan demir ussasynyň “Ahanger” ady hem çeşmelerde bardyr. “Ahanger” sözüni alymlar A.Meredow, S.Ahally hem öz işinde belleýär. Demiri işläp bejermegiň amallarynyň we usullarynyň syrlary gizlin saklanypdyr.Günorta Türkmenistanda demirçilik senetçiligi nesilden-nesle geçip, ata-baba bu iş bilen meşgullanyp gelýän ussalar maşgalalary az bolmandyr. Şol sebäpli XIX asyryň aýagyndan XXI asyryň başlaryna çenli türkmenlerde ussat senetçileriň kemala gelmeginde halypa-şägirtlik işi aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Demir ussalarynyň aýtmagyna görä, senetçiligi öwrenmek barada taraplar ozalyndan dilden ylalaşyga gelipdirler. Halypa ussa demirçilik senedini belli bir möhletde öwretmäge we terbiýelemäge alan şägirdinden hünär üçin töleg almandyr. Tersine, ol öz şägirdine ýaşar ýaly ýer, ýatak jaýyny berip, zerur bolan halatynda geýindiripdir we hatda aýdylany iki gaýtalatman işleýändigi we yhlasy üçin pul bilen hem sylaglap, ekläp-saklapdyr. Şägirt hem hünär öwrenýän döwri ussahananyň işinde halypasynyň ähli talaplaryny we ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge borçly bolupdyr. Şeýle-de halypasyna öý hojalygyndaky işlerde hem ýardam beripdir.  

     

Demir senetçiligi XV asyrdan başlap Amulda hem has-da ösüp şöhratlanyp başlapdyr. Amul gadymy senetçiligiň Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşine ýetiren täsiri gaty uly bolupdyr. Bu şäherde orta Aziýada örän seýrek duş gelýän ähmiýeti demirçilik ussahanalary işlenilipdir. Amully demirçileriň sadaja gurluşy kürelerde we ýönekeý iş gurallary arkaly taýýarlan pil, kätmen, orak, teşşe, palta, zynjyr, gaýçy, gyrgyç ýaly iş gurallary örän ýokary baha mynasyp bolupdyr. Ýerli demirçi ussalar hatda ýokary hilli polat önümlerini taýýarlamagy başarypdyrlar. Bu ýerde ýasalan polat gylyçlardyr pyçaklar aýratyn hormata mynasyp bolypdyr. Olaryň sapy bolsa, diňe Lebapda duş gelýän sugunynyň şahyndan ýasalypdyr. Margianada metal sungatynyň ýokary derejede ösendigi barada arheologiki tapyndylar şaýatlyk edýär. Aýratyn özboluşlylygy, çeýeligi we owadanlygy bilen tapawutlanýan  tapyndylary, şol ýerdäki demirçiler hem – de zergärler misden, bürünçden,kümüşden, altyndan we başga metallardan bolan önümleri aňarybaş ussatlyk bilen ýasamaklyk tärini ele alypdyrlar. Metaldan  çeperçilik önümlerini ýasamak üçin suratkeş hökmany  suratda  onuň häsiýetlerini nazara almalydyr. Margiananyň demirçileriniň metalyň reňkine, serpikdirijilik ukybyna, haşam bezegine uly üns berendikleri ikuçsuzdyr. Gadymy demirçileriň iň beýik üstünligi esasy misden bolan ergini, ýagny bürünji öndürip bilmeklerindedir.  Biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyndan başlap, IХ asyry öz içine alan, Х asyrda başlap, ХVII asyra çenli bolan döwürler hem türkmenleriň metal işläp bejerijilik sungatynyň gülläp ösen döwürleridir. Irki orta asyrlardan gurlup ugran şol döwletleriň iň ägirtleri Garahanly türkmenleriniň, Gaznaly türkmenleriniň, Beýik Seljuk türkmenleriniň, Köneürgenç türkmenleriniň, Osmanly türkmenleriniň, Garagoýunly türkmenleriniň, Akgoýunly türkmenleriniň we beýleki asylzada nebereleriniň guran şadöwletler derejesindäki nesilşalyklarydyr. Ol döwletleriň zamanlary ýokary derejeli sungat eserleri bolan, metal magdanlaryny işläp bejerijiligiň iň kämil nusgalarynyň döredilen döwürleri bolupdyr.Halkymyzyň bu ajaýyp milli senedi özünde gadymy taryhy öwüşgünleri jemlemek bilen milli medeniýetimiziň, milli sungatymyzyň şuglasyny ýokary göterýär.  Ata-babalarymyzdan miras galan şeýle gadymy ajaýyplyklar Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografiýa bolüminde uly orun tutyar. Bu ýere gelen her bir adam olary uly gyzyklanma bilen synlaýar. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölümlerinde merdana halkymyzyň taryhyna, beýik ruhy siňen milli mirasyna, ata – babalarymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň, olaryň taryha baý şöhratly geçmiş ýolunyň ajaýyp şaýady bolan esbaplary, maglumatlary özüniň çeper beýanyny tapýar. Muzeýiň Etnografiýa bolüminiň “Gündogar bazarynyň” görnüşinde ýerleşen demirçilikde ulanylýan zähmet gurallarynyň birnäçe görnüşleri çeperçilik bilen görkezilen.           

            Halkymyzyň milli we medeni mirasyny, sungatyny, medeniýetini  çuňňur öwrenip ony halka ýetirmekde giň ýol açan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. alyp barýan il ýurt bähbitli işleri uly rowaçlyklara beslensin.

 Şahnoza Şöhradowa –Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň ekskursawody.