Mirasym –köňül telwasym

Täzelikler

Mirasym –köňül telwasym

Çap edilen

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Saýat etrap häkimliginiň,etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Saýat etrabynyň ,,Han” toý mekanynda ,,Geliň ümä üýşeliň!’’atly dabaraly çärede Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan  göçme sergi gurnaldy.Göçme sergide milli gymmatlyklarymyz giňişleýin açyp görkezildi.Ata–babalarymyz türkmeniň gadymdan gelýän senedi bolan haly sungatyny bu günki nesillerimize miras goýupdyrlar. Haly sungatynda türkmen halkynyň taryhyny, ykbalyny, geçmişini we şu gününi, geljegini görse bolýar hem-de köp manyly syrlary, gowgaly, şöhratly wakalary beýan edilýär. Mähriban ene-mamalarymyz öz kalbyndaky mährini, arzuw hyýalyny, begenjini, guwanjyny hala çitip beýan edipdirler. Müňýyllyklaryň dowamynda bu senet sungat derejesine, onda-da älemi haýran galdyrýan naýbaşy sungat derejesine çenli ýol geçipdir.  

Dünýäde her bir halkyň gadymdan gelýän däpleri, çeperçilik sungaty bar. Olary geljek nesle ýetirmek üçin her halk bir käri saýlap alypdyr. Halyçylyk senedi-de şol kärleriň iň bir gadymy görnüşi. Halkyň arasynda “Sen öz eliň bilen dokan halyňy ýaz, men seniň ýüregiňde näme bardygyny göreýin” diýen pähim bar. Köküni has gadymdan alyp gaýdýan halyçylyk sungatyny ene-mamalarymyz bize miras goýup gidipdirler. Owadan, göze ýakymly giň sähralaryň, al-ýaşyl öwüsýän ýaýlalaryň gözelliklerini sünnäläp halyda beýan edipdirler. Elleri çeper zenanlarymyz nepis halyny şeýle ezizläp saklapdyrlar we biziň günlerimize görküni-durkuny ýitirmän getirmegi başarypdyrlar Göçme sergide görkezilen haly we haly önümlerimiziň nagyşlary ähli türkmen haly nagyşlaryny özünde jemlemek bilen türkmen halysynyň örän köp görnüşlidigini görkezýär. Olardan „Gülli göl“, „Güşly göl“, „Gyzyl aýak gölli“, „Perreň göl“, „Derweze göl“, „Çarhypelek gölli“ nagyşlanan hem-de birnäçe gölli halylar görkezilýär. Serginiň gurnalmagynyň esasy maksady medeni-mirasymyzy we maddy gymmatlyklarymyzy halka giňden açyp görkezmekden, ýaýmakdan hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerimizde terbiýeçilik ähmiýeti uly bolup, baýramçylygy  dabaraly, şowhunly  bellemekden ybaratdyr.Giňden ýaýbaňlandyrylan göçme sergide görkezilen her bir esbap özüniň özboluşlygy, ýerine ýetirilişiniň, ýasalşynyň aýratynlygy bilen bilen tapawutlandy we dabaranyň üsti bilen özüne mahsus  bolan öwüşginde beýan edildi Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, şeýle hem  şan-şöhratly taryhymyzy milli mirasymyzy öwrenmäge ony halkymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak belent başlary aman bolsun tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin .

 

Nowça Babanyýazowa -   Lebap welaýat taryhy  we ülkäni öwreniş muzeýiniň

uly ylmy işgäri