,,Muzeýlere sanly ulgamy ornaşdyrmagyň häzirki zaman tejribesi” atly okuw maslahaty geçirildi.

Täzelikler

,,Muzeýlere sanly ulgamy ornaşdyrmagyň häzirki zaman tejribesi” atly okuw maslahaty geçirildi.

Çap edilen

Pederlerimiziň parahat söýüjülik ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň binýatlyk esasyna öwrülmek bilen, bu gün parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde  ykrar edilen  Garaşsyz hemişelik Bitarap  Watanymyz  dünýä  ýüzünde giňden tanalýar.Täze taryhy döwrümizde  döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga  egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan  bagtyýar günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar, ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar.Baýramçylyk lybasyna beslenen eziz  watanymyzda   ýokary guramaçylykda geçirilýän çärelere işjeň häsiýet mahsus. Dabaraly çäreler hoşallyk maslahatlary, syýasy söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar Gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagşlaýar. Şu gün Lebap welaýat  taryhy we  ülkäni öwreniş  muzeýiniň gurnamagynda etrap muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda ,,Muzeýlere sanly ulgamy ornaşdyrmagyň häzirki zaman tejribesi” atly okuw maslahaty geçirildi. Ýurdymyzda hereket edýän muzeýleriň işiniň has-da kämilleşmegine, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmaga, muzeý gaznasyny milli gymmatlyklar bilen baýlaşdyrmaga  bagşlanan maslahatyň dowamynda täsirli hem-de buýsançly gürrüňlere giň gerim berildi. Maslahata gatnaşyjylar Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen baýramçylyk  sergisi bilen ýakyndan tanyşdylar. Ýurdymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesini milli gymmatlyklaryň üsti bilen beýan edýän bu sergi myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy. Dabaraly   maslahatyň we sergi bilen tanyşlygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler.

 

Gülnur Pygamowa –Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.