
Täzelikler
Türkmeniň ak öýi, döwletlilik ojagy
Çap edilen
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýarlyk döwründe pederlerimiziň miras goýan milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri, kesp-kärleri giňişleýin öwrenilýär we dowam etdirilýär. Bu babatda ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluna uly üns berlip, olary ýaş nesle ýetirmek babatynda uly tagallalar edilýär.
Geçmişde ata-babalarymyz öý gurmak, jemgyýeti baýlaşdyrmak bilen meşgul bolup, durmuş hajatlary üçin zerur bolan gurallary, harytlary oýlap tapypdyrlar. Şolaryň biri-de türkmeniň ,,Ak öýüdir.’’Türkmen halky ak öýlerini döwletlilik ojagy hasaplapdyrlar. Türkmenleriň ak öýi ondan-oňa göçmek üçin söküp-düzmäge juda kämilleşdirilen öý bolupdyr. Ol biri-biriniň arasy ýüň jähek bilen baglanýan dört we alty sany tärimden durýar. Tärimiň çetki iki gyrasy işigiň söýesine berkidilýär. Biri-birine berkidilen we işik bilen bilelikde töwerek edilip oturdylan bu dört tärime öýüň bir tüýnükden we 85-92 sany ukdan ybarat bolan gupba şekilli bolup, ýokarky bölegi oturdylýar. Bu bolsa öýüň uly gabaraly agaç gurşawy bolup hyzmat edýär. Geşmişde türkmenlerde çaga hiňňildigi –sallançak köp däp-dessurlaryň, adatlaryň merkezinde bolupdyr. Onuň üsti bilen çaganyň ýaşaýşyny gorap saklamak, onuň geljekde rysgal-döwletli, sag-salamat bolmagy baradaky düşünjeler görkezilipdir. Öýüň şekiliniň pelteli çyranyň çüýşesine meňzeş bolmagy, oduň tüssesiniň göni ýokary göterilmegine şert döredipdir. Öýüň tegelek şekilde bolmagy ony peýdalanmakdaky amatlyklaryň ýene biri. Gyş aýlary öýüň ortasyndaky ojakda ot ýakylmagy ýylylygyň öýüň ähli ýerine deň ýaýramagyna ýardam edýär. Ýazlaga göçülende öýi daşky päsgelçiliklerden goramak üçin onuň daş-töwereginde ýalpajyk ýap gazylypdyr. Bu bolsa düýedir beýleki mallaryň öýe ýakynlaşmazlygyna ýardam edipdir. Köp sanly haly önümleri bilen bezelen öýleriň baý içki bezegi, öýüň daşyna gamşyň tutulmagy, beýleki alamatlar türkmen öýlerinden tapawutlydyr. Bu günki gün ol ata-babalarmyzdan gelýän nyşan hökmünde özleriniň ajaýyp görnüşleri bilen türkmen toý-dabaralarynyň, maşgala we köpçülikleýin çäreleriň bezegi bolup durýar.
Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, şeýle hem şan-şöhratly taryhymyzy milli mirasymyzy öwrenmäge ony halkymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak belent başlary aman bolsun tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin !
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň
uly ylmy işgäri Nowça Babanyýazowa