
Täzelikler
Gopuz
Çap edilen
Türkmen halkynyň giň ýaýran saz gurallarynyň biri hem gopuzdyr. Bu saz guraly ýekelikde-de, köpçülik bolup hem çalynýar. Gopuzyň has köne nusgalary agaçdan, süňkden ýasalypdyr. Gopuz dilli, çirtilip çalynýan saz guralydyr. Ony öwrenmek üçin uzak wagtlaýyn, ýörite taýýarlyk zerur däldir. Ýöne azda-kände saza bolan ukyp, duýgy, başarnyk gerek. Gopuzda sese her hili öwüşginleri bermek ýerine ýetirijiniň dem alyş, dodak we dil hereketleri arkaly berjaý edilýär. Bu guralda bir wagtda iki sesi, yagny pes hem-de belent sesleri alyp bolýar. Geçmişde gelin-gyzlarymyz bu saz guraly arkaly öz içki duýgularyny, arzuwlaryny beýen edipdirler. “Gelinaljyny getirip”, “Mamamyň höwdüsi”, “Kerwen gelýär” ýaly täsin sazlar gopuzda çalynýan sazlardyr. Türkmen gopuzyna meňzeş saz gurallary dünýäniň dürli künjeklerinde giňden ulanylýar. Türki halklardaky şankobuz, temir komuz, homuz saz gurallaryny mysal görkezmek bolar. Ýewropa ýurtlarynda hem türkmen gopuzyna meňzeş saz gurallary gapat gelýär. Saz edebiýatynda olaryň hemmesi “wargan” diýip atlandyrylýar. Warganyň agaçdan, demirden ýa-da süňkden ýasalan görnişleri hem bolýar.
Gorkut ata zamanasynda kirişli saz gurallarynyň köpüsi “gopuz” diýilip atlandyrylypdyr. Şol döwürlerde “agaç gopuz”, “demir gopuz”, “okly gopuz” ýaly atlandyrmalar peýda bolupdyr. Häzirki döwürde gopuzyň gabarasy demirden bolup, onuň merkezinde ýukajyk polatdan diljagaz oturdylan görnüşde ýasalýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gopuz saz guralynyň meşhurlygy has-da artdy we baýlaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “lle döwlet geler bolsa...”atly kitabynda hem gopuz saz guraly barada gymmatly maglumatlar berilýär.
Gülsere Nurmyradowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy.