Arnap ösümliginiň täsinligi.

Täzelikler

Arnap ösümliginiň täsinligi.

Çap edilen

Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi iňňän baý we ol müňýyllyklaryň dowamynda birnäçe keselleri bejermek üçin serişde bolup hyzmat edipdir. Biziň topragymyz, mähriban tebigatymyz biz üçin kuwwatyň, berk saglygyň we uzak ömrüň çeşmesi bolup durýar. Suwuň, topragyň, howanyň we ösümlikleriň syrlaryna göz ýetirmek babatdaky gadymy ylym biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilipdir. Olar üçin daşky gurşawyň peýdaly häsiýetlerine göz ýetirmek diňe bir bähbit bolman, ýesem kähalatda ýaşamagyň ýeke-täk mümkinçiligi hem bolupdyr. Ösümlik bilen bejermegiň peýdasy müňýyllyklaryň dowamynda synagdan geçirilip gelinýändir. Şeýle ýol bilen alnan ösümlikleriň köp görnüşleri biziň günlerimize gelip ýetipdir we olar häzirki zaman lukmançylygyň dürli gollanmalaryna girizildi. Dürli ösümlikleriň görnüşleri we olaryň dermanlyk häsiýetleri we aýratynlyklary baradaky ylmy maglumatlar muzeýimiziň tebigat bölüminde görkezilýär. Dermanlyk ösümlikleri barada söz açýan witrinalarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly kitaplaryndan ugur alyp welaýatymyzyň dürli künjeklerinde ösýän we jana şypa beriji melhemlik hökmünde ulanylýan birnäçe dermanlyk ösümlikiniň gerbarileri, toplanan ot çöpler ýerleşdirilendir. Şeýle ösümlikleriň biri hem Arnap ýa-da unaby ösümligidir. Arnap tokaýjygy Köýten obasynyň golaýynda “Gündogar” syýahatçylyk merkeziniň ýakynynda ýerleşýär. Bu tokaýjyk özüniň täsinligi, arassa arnap agaçlaryndan emele gelip, ösümlikleriň garatikenliler maşgalasyna degişli bolup, ol agaçlarynyň sanynyň azlygy hem-de ululygy we ýaşy boýunça Merkezi Aziýada ýeke-täk hasaplanylýar. Bary-ýogy ýarym gektardan köpräk ýerde arnap agaçlarynyň dürli ululykdaky iki müňe golaýy ösüp otyr. Arnap ýa-da unaby agajynyň güli topbajyk görnüşli bolup, ol açylan wagty ýaýbaň şekilde we merkezinde topbajyk tohumlary bar. Lukmançylykda bu ösümligiň dermanlyk ähmiýeti örän uly. Arnap agajynyň ýapraklary we baldagy gaty bolup, her ýapragyň aralygynda gülleri setirleýin ýerleşendir. Onuň düýbi we şahalary egrem-bugram, tagaşyksyz ösýär, ýapraklary ownuk we garamtyl-ýaşyl reňkli bolýar. Miwesi gyzylymtyl-goňur reňkli, örän süýji we iýmäge ýaramlydyr. Bu täsin dermanlyk - iýmitlik agajyň dünýäde, takmynan 100, Türkmenistanda 1 görnüşi gabat gelýär. Ol dag eteklerinde we daglaryň aşaky guşaklyklarynda boýy 3-4 (8) metre ýetýän tikenli ýaýrap ösýän agaçdyr. Ösümligiň “endap” we “elnap” atlary hem bardyr. Daragt haýal ösýän ösümlikleriň hataryna girýär. Ol dört ýylyň dowamynda bary-ýogy bir metre golaý, iki metre on ýylda, 3 metre bolsa 20 ýylda ýetýär. Özüniň şeýle haýal ösmegine garamazdan, arnap agajy 100 ýylyň dowamynda oňat hasyl berýär. Arnap diýarymyzda ýabany görnüşinde Köýtendagda duş gelýär. Agajyň dermanlyk maksatlary üçin miwesi, ýapragy hem sütüniniň gabygy giňden peýdalanylýar. Arnap aýratyn gymmatly miweli dag ösümligi bolmak bilen halkyň arasynda dermanlyk serişde hökmünde giňden tanalýar. Miwesi bişende iýseň ýa-da ondan mürepbe taýýarlap ulansaň hem ýokumlydyr we melhemlik häsiýeti bardyr. Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda hem arnap ösümligi barada duş gelinýär. Gadymy Hytaýda belli bolan Şen-Nunuň “Ot hakynda” kitabynda, örän tejribeli lukman hem tebigatçy Klawdiý Galeniň işlerinde, Abu Aly Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary”, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň “Horezm şanyň hazynasy” diýen kitaplarynda we Muhammet Hüseýiniň “Melhemler hazynasy” kitabynda arnabyň dermanlyk alamatlary barasynda aýdylyp geçilýär. Türkmen halk lukmançylygy arnaby bedeniň ýaşaýşa işjeňligini ýokarlandyrmak, peşew çykaryjy, gakylyk goparyjy serişde hökmünde, demgysmada, böwrek, gan basyşy ýokarlananda, bagyr hem-de beýleki gaýry dertleri bejermekde dermanlyk häsiýetli hasaplaýar. Gülsere Nurmyradowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy.