Keçe   gadymy sungat

Täzelikler

Keçe gadymy sungat

Çap edilen

Ene-mamalarymyzyň   el işleriniň biri bolan türkmen keçesi döreýiş taryhyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Keçe amaly- haşam sungaty bolup, ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýran müdimi senetdir.   Keçe etmekde, haly dokamakda, keşde çekmekde türkmen gelin–gyzlarynyň orny ulydyr. Olaryň ýüreklerindäki arzuw islegleri, yhlasy, gujur-gaýraty, irginsiz zähmeti türkmeniň nepis halylarynda, keçelerinde, gyz-gelinleriň görkine görk goşýan  milli egin-eşiklerinde öz beýanyny tapypdyr.

            Keçe diňe düşek däldir. Keçäni ak öýlerin üstini günden, ýagyşdan, gardan goramak, serpik, üzükdir durluk, düýelere halyk, atlara içirgiler, atkeçeler, çopanlar üçin ýapynja, tazylara jul höküminde ulanypdyrlar. Daglyk Altaýyň Pazyryk depesinde diwarlara germek üçin niýetlenen birnäçe keçe bölejikleriniň tapylmagy, keçeleriň halylar ýaly müňýyllyklara uzap gidýän taryhynyň bardygyny subut edýär. Keçe we keçe önümleriniň ak öýlerde giňden ulanylmagy, olaryň taryhyny irki döwürlere bagly edýär. Taryhçylaryň bellemegine görä, irki çarwa gurma öýleri baradaky ýazgylar biziň eýýamymyzdan önki V asyrlarda ýaşan Geredotyň işlerinde duş gelýär. Bu maglumatlaryň ählisi keçe we keçe önümleri şol döwürde ýüze çykandyr, diýmäge esas berse, keçelere salnan nagyşlarynyň gadymylygy hem-de Oguz han Türkmeniň elipbiýi bilen baglylygy türkmen keçesini has irki döwürlere degişli diýip hasap etmäge esas döredýär.

          Nesilden-nesle geçip gelen haly, keçe  we keçe önümleriniň taýýarlanyş usullary,  nagyş aýratynlyklaryny  öwrenmek we  ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşalara  ýetirmeklikde uly işler alnyp barylýar. Bagtyýar Watanymyzda türkmen sungatyny dünýä meşhur eden  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlary sag, belent başy dik, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!    

                          

   Lebap welaýat taryhy we ülkäni  öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Ýazjumaýewa Uzukjemal