Täzelikler

Gadymdan galan nusga.

Çap edilen

   Milli mirasyna çäksiz hormat goýýan, ata-babalaryndan galan edebi, medeni, milli gymmatlyklaryny gözüniň göreji ýaly goraýan merdana halkymyz bize onlarça, ýüzlerçe gymmatlyklary miras galdyrypdyrlar. Şol gymmatlyklary edep-terbiýäniň, gadymy geçmişimize buýsanç, guwanç bilen garamagyň egsilmez çeşmesi hasaplapdyrlar.

   Geçmişde ata-babalarymyz daýhançylyk, senetçilik bilen birlikde, maldarçylyk bilenem meşgullanypdyrlar. Çarwadarçylyk bilen bagly bize miras galan gymmatlyklar hem az däl.

   “Mal eýesiniň gözünden suw içer” diýen ajaýyp nakyly döreden halkymyz dowardarçylyk bilen gümra bolmagyň adamzadyň durmuş-ýaşaýyş şertleri üçin örän uly ähmiýetiň bardygyny subut edipdirler. Ýylda iki gezek (ýaz, güýz) gyrkylýan goýunlarymyzyň ýüňi senetçilerimiz üçin çig mal bolup hyzmat edipdir. Gyrkym döwri çopanlar tarapyndan ulanylýan sadaja gural-gyrkylyk uly zerurlyk bolupdyr. Şol gyrkylyklar salnyp goýulýan gap bolsa “Gowdy” diyip atlandyrylypdyr. Türkmenistanyň Döwlet muzeýleriniň etnografiýa bölüminiň hemişelik sergisinde türkmeniň ak öýüniň töründen-tärimden asylyp goýlan birnäçe gymmatlyklaryň arasynda “Gowdy” diýip atlandyrylýan esbap hem bar. Eýsem, gowdy näme? Megerem, muny bilmek gyzyklydyr. Ezber ussalaryň dür dökülýän ellerinden  çykan bu esbap agaçdan ýasalypdyr. Ussat ussalarymyz jomart türkmen tebigatynda bitýän tut, erik, tal ýaly agaçlardan dutar, gyjak, öý hojalygy üçin zerur bolan çanak, çemçe, susak, kersen, suw daşamak üçin çelekleri, gülli sandyklary yhlas siňdirip ýasamagyň ezberlik bilen hötdesinden gelipdirler. Şonuň bilen bilelikde-de, gyrkylyklary poslatman, küteltmän, ýeneki ýyllarda hem ulanmak mümkinçiligi bolar ýaly saklamak üçin gowdulary hem ýasapdyrlar.

   Bu esbaby ýasamak üçin aralyk ýogynlykdaky agajyň şahasy kesilip alynypdyr we gowy guradylypdyr. Gerek bolan ölçegdäki (adatça, 40-50 sm.) agajyň içini zerur ululykda köwüp, daşynyň gabygyny kemsiz arassalapdyrlar. Aşakky bölegine bolsa, laýyk edilip agaç gapak ýasalyp ýelimlenipdir. Taýýar bolan gowdynyň ýokarky böleginden garşylyklaýyn, iki ýerinden deşilipdir. Oňa işilen berk ýüp berkidilipdir. Bu ýüp gowdyny tärime berkitmek üçin gerek bolupdyr. Hojalykda gowdynyň örän uly ähmiýeti bolupdyr. Çopanlar gyrkym döwri tamamlanylandan soň, gyrkylyklary süpürişdirip, indiki gyrkym döwrüne çenli gowdulara salyp goýupdyrlar.

      Bize nesil terbiýesi üçin ägirt uly ähmiýeti bolan taryhy gymmatlyklarymyzy, milli mirasymyzy aýap saklamaga, wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsyn! Tutýan tutymly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

Gülsere Nurmyradowa – Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy.