
Täzelikler
Medeniýetiň, sungatyň mekanydyr bu diýar !
Çap edilen
Berkarar döwletimiziň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň döwrebap derejeli ösüşleriniň has-da rowaçlanmagyna, dünýä ýaýylmagyna giň ýol açylýar.Ýurdumyzda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamaga we öwrenmäge medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde muzeý işini kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet derejesinde halkyň milli ruhunyň galkynmagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bäş müň ýyllyk geçmişli türkmen halkynyň öz aýratynlygy, geçmiş taryhyna degişli milli we medeni mirasy bardyr. Medeniýet bäş müňýyllyk geçmiş taryhly türkmeniň mähir-muhabbete eýlenen köňül nagmasydyr.
Türkmeniň täze taryhynda aýdyň sahypalary açjak “Garaşsyz baky Bitarap,Türkmenistan –bedew batly at - myradyň mekany” ýylynda umman ýaly tereň, asman ýaly giň, pähim-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döredip umumadamzat gymmatlyklaryna saldamly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen dürli baýramçylyk çärelerine utgaşyp has-da dabaraly toýlanýar. Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy hazynasynda öwüşgin atyp, şuglasyny dünýä çaýýar. Magtymgulynyň şygyrlary dürli dillerde ýaňlanyp, kalplara tämizlik şemaly bolup ornaýar.Türkmen milli medeniýetiniň taryhynda Magtymgulynyň şygryýeti iň möhüm wakalaryň biridir. Onuň döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi.Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet baýramçylygy mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ,,Medeniýet sungatyň öçmez çyragy, arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” atly wagtlaýyn baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.Baýramçylyk sergisinde Milli medeni gymmatlyklarymyz türkmen halky üçin milli mertebedir hem-de buýsanç çeşmesidir. Milli medeniýetimiziň taryhy halkymyzyň taryhy ýaly juda gadymydyr, şöhratlydyr we çuňňur mazmunlydyr. Gahryman Arkadagymyz: “Medeniýet halkymyzyň kalbydyr, milletimiziň mertebesidir” diýip, belleýär. Ýurdumyzda ruhy baýlygymyz bolan milli medeniýetimizi, şeýle-de sungatymyzy ösdürmäge, baý mirasymyzy gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň bellenilmegi, oňa gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimize berilýän ünsüň alamatydyr. Geçirilýän medeni çäreler milli medeniýetimiziň döwrebap ösdürilmegine, onuň üsti bilen dost-doganlygy, parahatsöýüjiligi, ynsanperwerligi dünýäde wagyz etmäge ýardam berýär. Berkarar döwrümiz bedew bady bilen ösýän Watanymyzyň at-abraýynyň, guwandyryjy ösüşleriniň dünýä dolýan döwrüdir. Türkmen medeniýeti. Bu sözde şöhratly taryhy bolan türkmen halkynyň köňül nagmasy jemlenendir. Medeniýet – her bir döwletiň ykbalyny, taryhyny açyp görkezýän ylahy baýlykdyr. Ol ynsan kalbynda ýaşaýşa bolan söýgini oýarýar, ruhuňy beýgeldýär. Ol beýik ogullaryň türkmen topragynda sarpasy belentde tutulýar.Türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragy hem halkyna egsilmez edebi hazynany miras goýan ogullaryň biridir. Türkmen edebiýatyna, medeniýetine, sungatyna öz täsirini ýetiren şahyryň şygyryýet dünýäsi halkymyzyň göz guwanjydyr. Çünki Pyragynyň döredijiliginde halkyna arzuwlan iň ýagşy dilegleri, agzybirlik, parahatlyk , jebislik hakyndaky arzuwlary, öwüt-nesihatlary jemlenendir. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet baýramçylygy mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ,,Medeniýet sungatyň öçmez çyragy, arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” atly wagtlaýyn baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.Baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasyna welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Medeniýetiň şanyna tutulan toý tutuş halkymyzyň, ata Watanymyzyň mertebesidir. Goý, Watanymyzyň mertebesi mundan beýläkde belende galsyn! Ýurdumyzda tutulýan toýlar-toýlara ulaşsyn! Toýlarymyzyň bezegi, ýaraşygy medeniýet we sungat ussatlarymyzyň hem hünär baýramçylygy gutly bolsun! Diýarymyzy toýlaryň-toýlara ulaşýan mekanyna öwren, türkmen medeniýetini, sungatyny galkyndyran, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülälek Batyrowa – Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.