Daşky gurşawyň goraglylygy - abadan ýaşaýşyň  kepili

Täzelikler

Daşky gurşawyň goraglylygy - abadan ýaşaýşyň kepili

Çap edilen

Tebigatda  Watanymyzyň  keşbi bar. Tebigaty söýmegiň  Watany söýmegi  aňladýandygy  bolsa biziň her birimize  mälimdir. Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata  edýän täsiri   hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr. Tebigat biziň ýaşaýşymyzyň, ruhybelentligimiziň çeşmesidir, ömrümiziň kepilidir, rahatlygydyr.

Adamzadyň tebigy baýlyklardan barha köp möçberde peýdalanmagy tebigatyň deňagramlylygyna öz täsirini ýetirýär. Munuň özi ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge düýpli çemeleşmegi, bu babatda täzeçe çözgütleri kabul etmegi we olary durmuşa geçirmegi talap edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm  şäherinde  geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda  adamzat  taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetligi hökmünde ykrar  edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň  Bütindünýä güni  ekologiýa  senenamasynda iň esasy  baýram hasap edilipdir, bu baýram dünýäniň birnäçe ýurdunda bellenilýär. Biziň ýurdumyzda  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen 2008-nji ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni milli baýram  diýlip yglan edildi. 

       Ýurdumyzda  tebigaty goramak we onuň  bilen baglanyşykly  kanunçylyk  tebigy  baýlyklary   rejeli peýdalanmak ýörelgelerine  esaslanýar. “Tebigaty  goramak hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”,“Döwlet ekologiýa ekspertizasy  hakynda”, “Ösümlik dünýäsi  hakynda” we birnäçe  suw, ýer, tokaý  hakyndaky kanunlary mysal getirmek bolar.

               Türkmenistanda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasaty  jemgyýetiň  ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny  üpjün etmäge gönükdirilendir, şunda hojalyk işiniň we beýleki işleriň ösdürilmegi  tebigata, onuň baýlygyna aýawly goramak, tebigy resurslary  rejeli peýdalanmak bilen, adamyň  sagdyn   we  ýaşaýşy üçin amatly  tebigy gurşaw   baradaky  hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär.  Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ,,Ekologiýa abadançylygy-adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy, umumadamzat ähmiýetli wezipelerdigi,  bagy-bossan diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan  daşky gurşawyň abadançylygyny goramaga gönükdirilen beýik işleriň  mynasyp dowam etdirilýändigi dogrusynda täsirli hem-de buýsançly söhbetlere giň gerim berildi. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar baýramçylyk mynasybetli ,,Daşky gurşawyň goraglylygy-abadan ýaşaýşyň kepili” atly muzeýde gurnalan sergä uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Olar sergide ýerleşdirilen muzeý gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlükleri” atly ylmy eseriniň birnäçe tomlary hem-de  suratkeşleriň surat eserleri, dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň  gňrnüşleri we olar hakyndaky maglumatlar  bilen ýakyndan tanyşdylar.  Dabaraly geçen maslahatyň hem-de serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar  bagy-bossan ýurdymyza ekologiýa we daşky gurşawyň  abadançylygyny, gözel tebigatymyzyň täsinliklerini  gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän  Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize  alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Uzukjemal Ýazjumaýewa – Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy.