Goý, ýurdumyzda çaga gülküsi belentden ýaňlansyn

Täzelikler

Goý, ýurdumyzda çaga gülküsi belentden ýaňlansyn

Çap edilen

Berkarar döwletiň  täze  eýýamynyň Galkynyşy  döwründe   çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan  çagalaryň durmuşda ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansüýüji nesiller bolup ýetişmegi,    olaryň durmuşda maksadaokgunly, ruhubelent, döredijilikli döwrebap pikirlenip bilmegi we  bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Çagany altyn aşyga meňzedýän ata-babalarymyz “Çagaly öý bazar” diýip ýöne ýere aýtmaýarlar.  Olar adamzadyň durmuşynda iň bir zerur zadynyň biri bolup, nesil dowamatydyr.   Çaga-durmuşyň güli, mukaddes ojaklaryň bezegi.  

Her ýyl 1-nji iýun   Cagalary goramagyň halkara gününi uly dabara bilen bellenilip geçilýär.  Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde  Cagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Türkmenistan-bagtyýar çagalaryň mekany” atly  wagtlaýyn sergi we baýramçylyk      dabarasy   geçirildi.  Baýramçylyk  dabaranyň çäginde muzeýimize gezelenç gurnaldy. Ýaş neslimiz ýurdumyzyň taryhy, baý medeni mirasy, gözel tebgaty bilen tanyşdylar. Geljegimize ynam döredýän, döwrümize ganat bagladýan eziz çagalaryň gözleri şatlykdan, ýüzleri  gülkiden doly. Goý, mundan beýläk hem her bir türkmeniň mukaddes ojagynda bagtyýar çagalaryň gülki sesleri mydama ýaňlanyp dursun. Bizi şeýle ajaýyplyklara ýetiren, ýurdumyzy  bagtyýar çagalaryň  mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň   janlary  sag, başlary  dik  bolsun. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan  tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin.  

 

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Uzukjemal Ýazjumaýewa