Bedew batly zamananyň bagtyýar uçumlary

Täzelikler

Bedew batly zamananyň bagtyýar uçumlary

Çap edilen

Dünýäň belent münberinde mynasyp orna eýe bolan ata watanymyz Türkmenistan, röwşen ykbala ýugrulan gadamlary bilen, ösüşiň  täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Bedew batly, ösüşleri şöhratly ajaýyp zamanamyzda ýurdymyzyň daýanjy  bolan bagtyýar ýaşlaryň, nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn ruhy taýdan kämil giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin eziz watanymyzda ähli mümkinçilikler şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan  dörän ,,Ýaşlar watanyň daýanjy”atly kitabynda belleýşi ýaly ,,Biz ýaşlara eziz watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdymyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen dürdäne setirleri ýaşlary nurana gelejege  ruhlandyrýar. Toýlara beslenýän zamanamyzda milli senenamamyzda mynasyp orun alan her ýyl ýurdumyzda uludan bellenilýän mekdebi tamamlaýan uçurumlaryň  soňky jaň dabarasy   ýurdymyzda paýtagtymyzyň döredilmeginiň güni bilen bilelikde goşa baýram goşa toý bolup bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy belleniljek  bu ýylymyzda ýurdumyzyň ýüregine deňelýän mermer paýtagtymyzyň döredilmegine 145 ýyl dolýar. Hut şu goşa baýram mynasybetli diýarymyzyň ähli künjegi bilen bilelikde  Lebap welaýaty hem baýramçylyk lybasyna beslendi. Şu gün mekdebi tamamlaýan uçurumlaryň soňky jaň dabarasy mynasybetli welaýatymyzyň orta mekdepleriniň uçurumlarynyň  birnäçesi Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Olar muzeýde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary, ülkämiziň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, gadymyýetiň syrlaryny özünde jemläp oturan gadymy galalardyr, ýädigärlikler barada    ýakyndan tanyşdylar. Mahlasy baýramçylyk gününde muzeýe gurnalan gezelenç  bagtyýar uçurumlara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyşlady.Diýseň täsirli, ýatda galyjy pursatlara beslenen gezelenjiň dowamynda olar eşretli zamanada döwrebap bilim, terbiýe almaga ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän, Ýaşlaryň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Gülälek Batyrowa-Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi