Heýkellerde bedewleriň taryhy waspy

Täzelikler

Heýkellerde bedewleriň taryhy waspy

Çap edilen

Berkarar döwrüniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myratdyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty belent derejelere göterilýär.

Berkarar döwrüniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myratdyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty belent derejelere göterilýär. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy we ruhy baýlyk hasaplanýar. Geçmişde şan-şöhrata eýe bolan döwletimiziň, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny we edebi mirasyny öwrenmek bagtyýar zamanamyzda esasy wezipeleriň biridir. Lebap topragynyň çäklerinden akyp geçýän dürli döwürlerde, dürli atlar bilen tanalan, Amyderýanyň kenarlarynda ösen şäherler, obalar, galalar döräpdir. Şeýle gadymy ýadygärliklerde arheolog alymlar tarapyndan gazuw-agtaryş we ylmy barlag işleri geçirilende, taryhyň dürli eýýamlaryna, asyrlaryna degişli täsin milli gymmatlyklar, tapyndylar we maglumatlar ýüze çykaryldy. Şol tapyndylar gadymy we orta asyrlar döwründe ýaşan halklaryň ýaşaýşynyň, medeniýetiniň, sungatynyň has gadymylygyna doly göz ýetirmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmek hem-de taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy barlag işlerini geçirmek babatda yzygiderli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna mydama ünsi çekýär we bu babatda ýurdumyzyň arheologlary we etnograflary tarapyndan ylmy gözlegleriň netijesinde uly işler amala aşyryldy. “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çagindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda ylmy - barlag işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň birnäçe arheologiki taryhy ýadygärliklerinde ylmy gazuw-barlag işleri uly depginde alynyp baryldy we käbirlerinde şu günlerimizde hem dowam etdirilýär. Şol gazuw-agtaryş işleri döwründe tapylan täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň käbiri Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Şeýle işleriň geçirilmeginiň esasy baş maksady milli mirasymyzy giňden öwrenmekden we wagyz etmekden, halkymyzda üstünden müňýyllyklar geçen gymmatly tapyndylary ýakyndan tomaşa etmäge, tanyşmaga, pederlerimizden bize miras galan baýlyklaryna buýsanmaga we öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Şol tapyndylaryň arasynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çäklerinde ýerleşýän gadymy Mürzebeg ýadygärliginden ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklaryň biri toýundan ýasalan sarymtyl gyzgylt reňkli ahalteke bedewiniň heýkeljigidir. Bu heýkeljik III-V asyrlara degişli hasaplanylýar. Heýkeliň uzynlygy 95 mm, beýikligi 70 mm, ini 40 mm, boýnunyň uzynlygy 30 mm deň bolup, onuň aýaklary doly döwülipdir. Heýkel türkmen bedewleriniň taryhyna göz ýetirmäge doly esas berýän baý ylmy çeşme bolup durýar. Sebäbi onuň ýüz keşbiniň şekilleri, kellesindäki özboluşly tasmasyda häzirki döwrümiziň bedew atlaryna dakylýan bezeg esbaplaryny ýada salýar. Bu bolsa atlaryň irki döwürlerde hem uly söýgä eýe bolup, altyn-kümüşden ýasalan bezeg şaýlary bilen bezelendigini subut edýär. Heýkelde atyň ýalynyň birsydyrgyn endigan tekiz edilip görkezilmegi hem biziň döwrümiziň atlaryň ýallarynyň gyrkylyş we bezeliş usulyna meňzeşdigini beýan edýär. Şeýle usullar irki döwürlerde hem bedewleri seýislemegiň, idetmegiň we bezemegiň öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gadymy Murzebeg galasyndan tapylan bu heýkel türkmen topragynda müňýyllyklaryň dowamynda ösdürilip gelinen atşynaslyk sungatymyzyň taryhyny ylmy taýdan örän içgin we täzeçe garaýyş bilen öwrenmäge esas berýär. Muzeýlerde şol gymmatlyklary ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, geljekki nesillere öz durkynda ýetirmek maksady bilen aýawly saklamak, wagyz etmek ugrunda ylmy taýdan uly işler geçirilýär. Şeýlelik-de Türkmenistan diýarymyz ahalteke bedewlerimiziň Watanydyr. Bu günki gün gamyşgulak, ýelden ýüwrük, gözelligine taý gelmeýän ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä ýüzüne ýaň salýar. Ajaýyp bedewlere gadyr goýýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlap ýazan ajaýyp eserleri bolsa bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. “Ahalteke bedewlerimiz - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedew”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” diýen kitaplary häzirki günlerde dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, türkmen bedewleriniň taryhy we gelip çykyşy, ösdürilişi barada dünýä halklarynyň hem ýakyndan öwrenmekleri ugrynda edilýän döwletli işleriň biridir.

Milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler alynyp barylýar. “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly hödürnama ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” 2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda kabul edildi. Bu döwletli işiň içinde ahalteke atlarynyň bezeg şaýlaryny, at içirgisini, at başyrgysyny, at ýapynjasy ýaly birnäçe at esbaplaryny we seýisçilik sungatyny goşmak bolar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde bar bolan at esbaplary we arheologik tapyndylary arzyly we taryhy gymmatlyklar hökmünde geljekki nesillere ýetirmekde giňden goralyp saklanylýar we öwrenilýär. Şan-şöhratly taryhymyzyň käbir mälim bolmadyk sahypalaryny, ýüze çykarmakda we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirip, bize görelde bolýan, milli mirasymyzyň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş

muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowa.