art-1-38d6f998-5518-484e-878b-12e45520c746-1200.jpg
art-3-38d52466-31f2-40bf-b84e-435371ad26b0-1200.jpg
art-2-6a418c44-354f-4205-b5b3-65c01a80771d-1200.jpg
art-4-2e6474e5-5ad4-4679-8d22-14029219bf53-1200.jpg
Şekillendiriş sungaty

Bölüm

Şekillendiriş sungaty

Şekillendiriş sungaty döredijiligiñ çeper beýanydyr

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan diýarymyz öz Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen türkmen halkynyň şekillendiriş sungaty uly üstünliklere we ösüşlere eýe boldy. Häzirki günlerimizde halkymyzyň ruhybelentligini, milliligini sungat ussatlarymyz täze eserleri döretmegiň maksady bilen zähmet çekýärler. Muzeýiň şekillendiriş sungaty bölüminde ýurdumyzda we welaýatymyzda giňden tanalýan nakgaşçy suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň döreden surat eserleri görkezilýär. Bu suratlarda ýurdumyzyň gözel tebigaty, taryhy we medeni ýadygärliklerimiz, durmuşy temasynda döredilen nakgaş we grafika eserlerden ýbaratdyr. Muzeýe gelýän tomaşaçylar ýurdumyzyň ussat suratkeşleri Ç.Amangeldiýewiň, A.Amangeldiýewiň, Ý.Baýramowyň, A.Almämmedowyň, heýkeltaraşlar B.Annamyradowyň, S.Babaýewiň, G.Ýarmämmedowyň, keramikaçy zenanlar S.Muhammedowanyň, M.Ataýewanyň, D.Umarowanyň eserleri,  Lebap welaýatynyň tanymal suratkeşleri M.Baltaýewiň, H.Allaşükürowyň, A.Işankulyýewiň, R.Umarowyň, M.Öwezowyň, Ş.Hemraýewiň dürli temalarda  döreden  eserleri görkezilýär. 

   Çeperçilik sungatynda özboluşly görnüşli ugurlaryň biri hem grafika sungatydyr. Sungatyň bu görnüşi birnäçe bölümlerden durýar. Olardan basma grafika, amaly grafika, mahabat grafika  şeýlede senagat grafikasy has meşhurdyr. Grafika eserleri galam, tuş akwarel guaş ýaly usullary özünde jemlemek bilen adamlaryň ruhy baýlygyny we dünýäniň gözelligini şekillendirýär. Suratkeş A. Işankulyýewyň döreden grafika eserlerinden ,,Daýahatyn ,,Görogly beg’’, ,,Astanababa’’, Idrisbaba’’, ,,Beýik ýüpek ýoly’’, ,,Türkmen göreşi’’, ,,Türkmeniň ýoly’’, ,,Türkmenistan toýly mekan’’, ,,Owlak gapdy’’ ýaly döreden eserleri  gara kagyzyň ýüzüne iňňe bilen işlenen  grafikanyň gratografiýa usulynda ýerine ýetirilipdir.

  Bölümde suratkeşleriň döreden nakgaş eserlerinde halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, ülkämiziň gözel tebigatyny, durmuş bilen baglanşykly taryhy wakalara degişli monumental nakgaş, peýzaž, natýurmort ýaly suratlar bilen tanyşdyrylýar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” halypa mugallymy, suratkeş  M. Baltaýewiň  döreden ,,Saltyklar mukamy’’ „Baýhatyn“, „Garry aýalyň suraty“, ,,Ärsary aýallary”, ,,Amyderýanyň kenarynda’’, ,,Agşamara’’, ,,Güýz petdeleri’’, ,,Köýtendag,, ýaly eserleri gelýän tomaşaçylarda we ýaşlarymyzda şekillendiriş sugatynyň inçe syrlaryny öwrenmekde uly täsirini ýetirýär.  Ýene-de halypa suratkeşler Ýarly Baýramowyň  “Ärsarybaba”, A. Almämedowyň ,,Köýtendag’’, A. Amangeldiýewiň ,,Oba sagady’’, B. Amansahatowyň ,,Astanababa’’, R. Umarowyň ,,Sentýabr’’, ,,Köl’’,  ,,Ýaz’’, ,,Amyderýa’’, ,,Çarhypelek”, M.Mamedowyň ,,Köne ussahana’’, G.Bekmyradowyň ,,Küýzegärler’’, A. Amangeldiýew ,,Türkmeniň köne durmuşy’’   atly  taryhy we durmuşy, peýzaž, portret temada çeken nakgaş eserleri bilen içgin tanyşmaga uly mümkinçilikler alýarlar.   

         Şeýle-de ussat keramikaçy zenanlar S.Muhammedowanyň, ,,Tebigat’’,,Gelinler’’,,Awaza’’,,,Çigildem’’,,Kejebe’’,,Ahalteke’’,,Bakylyk’’,,Laberint’’, M.Ataýewanyň ,,Gellinler’’, ,,Dekoratiw küýzeleri’’ D.Umarowanyň ,,Alaja’’, ,,Çopan’’, ,,Goç’’, ,,Düýe’’, ,,Sazanda’’ ,,Duşuşyk’’ ýaly döreden keramika eserlerinde gözel tebigatymyz, milli gymatlyklarymyz,  ynsanyň inçe duýgulary çeper beýan edilýär.

      Türkmenistanyň il ýaşulysy we Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş S.Babaýewiň döreden “Aşyklar”, “Osman Ödäýewiň” heýkeli,  heýkeltaraşlar G.Ýarmammedowyň “Seljuk”, Ş.Ýarmämmedowyň “Bahar” atly  eserleri ýerleşdirilen. Olaryň döreden eserlerindäki  aňladýan many-mazmuny örän anyk bolup,  şekilleriň,  keşpleriň şahyrana sadalygy  we çuňňur filosofiki pikirler ýönekeý görnüşli sýužetlerde monumental, agras häsiýetlerde beýan edilýär.