




Bölüm
Tebigat
Tebigat- täsinlikler dünýäsine syýahat
Muzeýiň tebigat bölüminde welaýatymyzda ýerleşýän Repetek, Amyderýa, Köýtendag döwlet tebigy goraghanalaryň çäginde ýaşaýan haýwanat we ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklary ekspozisiýalarda beýan edilýär. Eýlesine-beýlesine göz ýetmeýän çägeli, uçgyraksyz sähralykly Garagumda ady dünýä belli bolan Repetek döwlet biosfera goraghanamyz ýerleşýär. Repetek halkara döwlet biosfera goraghanasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem çöllük zonasynda döredilen ilkinji goraghanadyr. Garagum çölüni ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen Repetek çöl bekedi 1912-nji ýylda “Rusgeografiýa jemgyýeti” tarapyndan professor B.A.Dubýanskiniň ýolbaşçylygynda döredildi. Repetegiň daş-töwregindäki çägeli-çöllügiň täsin we ajaýyp ojar tokaýlyklaryny gorap saklamak maksady bilen 1927-nji ýylda Repetek döwlet biosfera goraghanasy döredildi. Çöl peýzažyny düzýän, aňňat-aňňat gum dereleri, sözendir - sazak, çerkezdir - gandym, borjak ýaly çöl ösümlikleri, janly-jansyz ähli görnüşler ylmy taýdan öwrenilip goralyp saklanylýar. Ekspozisiýalarynda goraghananyň çäginde ösýän selmeler, çylşyrymly güllüler, atanak güllüler, kösükliler, kyrkbogunlylar maşgalasyna degişli ösümliklerden taýýarlanan gerbariýleriň toplumy, şeýle-de ak sazak, gandym, ojar, sözen ýaly ösümleriň görnüşlerinden, emeli edilen çägeli - çöl tokaýlygynda ýaşaýan haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrylýar. Ýene-de mör-mörjekleriň, uçup geçýän we oturymly guşlaryň, towşan, zemzem, alahöwren, kepjebaş ýaly ýylanlaryň we süýrenjileriň adaty görnüşleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çöl ekoulgamylarynyň dördüsi “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, şol sanda “Repetek” halkara döwlet biosfera goraghanasy we “Ýerajy” çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO –nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy 1982-nji ýylyň maý aýynyň 27-de döredildi. Ol Amyderýa jülgesiniň we oňa golaý ýerleşýän çöllügiň ekologiýa ulgamyny gorap saklamak we dikeltmek maksady bilen döredildi. Bu goraghananyň tutýan meýdany 50 müň ga barabardyr. Ol Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Çärjew,Farap, Dänew, Darganata etrabynyň we Seýdi şäheriniň çäklerinde ýerleşýär. Goraghana üç bölekden: sag kenarda Gyzgala-Nargyz, çep kenarda Görelde we Gabakly böleklerden durýar. Goraghananyň çägine Amyderýanynyň suw ýüzüniň bölegi hem-de Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasyda girýär. Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň uly tebigy baýlygy guşlardyr. Bu ýerde guşlaryň 220-den gowrak görnüşleri duş gelýär. Guşlaryň beýle köp görnüşleriniň bolmagyna çäkli goraghananyň göçüş döwründe uçup geçýän guşlaryň ýolunda ýerleşmegidir. Çäkli goraghananyň meýdanlary suwda ýüzýän we suwly-batgaly ýerde ösüp örňeýän guşlaryň müňlerçesi üçin migrasiýa döwründe düşläp geçýän, gyşlaýan, höwürtgeleýän döwürlerinde dynç alýan we iýmitlenýän ýeri bolup hyzmat edýär. Kelifiň aňyrsy görünmeýän suwly köllerinde dürli häsiýetli guşlar hem duş gelýär. Göçüş döwründe uçup geçýän guşlaryň 74 görnüşi bu suwlarda düşläp, dynç alyp, iýmitlenip geçýärler. Olardan gyzylgaz, sähra garaguşy, sähra göwenegi, togdary, toklutaý Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Çäkli goraghananyň çäginde 97 görnüşli guşlar gyşlaýar. Olardan gyzgylt gotan, buýraly gotan, kaşykburun, mermer ördek, bürgüt, balykçy bürgüt, gajar, ütelgi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Guşlaryň 46 görnüşleri höwürtgeleýärler. Olardan ýylançy gyrgy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň tokaýlarynda otlaryň we ösümlikleriň 200-e golaý dürli görnüşleri bolup, olaryň diňe 15 görnüşi adatydyr: ýandak, gyzgan, ýeken, ýylgyn, haýwanlardan: keýik, ýekegapan, şagal, syrtlan, möjek duş gelýär. Guşlardan bedene, sülgün, ýabany ördek, owadan durna goralyp saklanylýar. Toraňňy agajyndan emele gelen tokaýjyklar we jeňňelikler giň meýdany tutýar. Amyderýanyň adalarynda gök otly meýdanlar bar. Bu bolsa haýwanlar we guşlar üçin oňaýly şert döredýär. Bu ýerde guşlaryň 250 görnüşi gyşlaýar. Şolardan 105 görnüşi goraghananyň çäginde galyp höwürtgeleýär. Amyderýada balyklaryň : zagara, lakga, pilburun ýaly birnäçe görnüşleri duş gelýär we kanallaryň, zeýkeşleriň we goraghanadaky derýanyň köne hanalarynda balyklaryň 36 görnüşi aýan edildi, şolaryň 12 görnüşi endemik. Balyklaryň 4 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Şeýle-de dermanlyk ösümlikleri barada söz açýan witrinalarymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly kitabyndan ugur alyp welaýatymyzyň dürli künjeklerinde ösýän we jana şypa beriji melhem hökmünde ulanylýan dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan gerbariýler we dermanlyk üçin toplanan ösümlikleriň miweleri, tohumlary, gülleri, kökleri we olar barada gürrüň berýän ylmy maglumatly, suratlary görkezilýär. Ekspozisiýanyň dowamynda 1986-njy ýylda döredilen täsin dag gerişli dilkawlanan, süýji suwly şaglawukly, tebigy ýadygärliklere, haýwanat we ösümlik dünýäsine baý Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy barada gürrüň berilýär. Onuň düzümine aýratyn çäkli garaghanalaryň 4-si Garlyk, Hojapil, Hojaburjybelent, Hojagarawul çäkli goraghanalary girýär. Köýtendag özüniň täsin tebigy ýerleri we baýlyklary bilen tapawutlanýar. Hojapil obasynyň günortasyndaky dag ýapgytlarynda ýüze çykarylan uly gymmatlyklaryň biri paleontologiýa taýdan iňňän uly ähmiýeti bolan dinozawrlaryň aýak yzlarydyr. Bu yzlar takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen ösümlik iýiji iguanodontlaryň we ýyrtyjy dinozawrlaryň yzy diýlip alymlar tarapyndan çaklanylýar. Bu äpet haýwanlaryň hakyky keşbi we şol döwrüň tebigy durmuşy barada gürrüň berýän dioramma gelýän tomaşaçylarda ýatdan çykmajak uly täsir galdyrýar. Şeýle-de dag gerişlerinde ýaşaýan goňur dag aýysynyň, torsuklaryň, syrtlanyň, burma şahly dag tekesiniň we ýyrtyjy guşlaryň dürli görnüşleriniň görkezilmegi bu goraghananyň aýratynlygyny beýan edýär. Şeýle-de Garlyk gowaklary ulgamyna girýän – Haşymoýuk, Kyrkgyz, Aralyk, Gülşirin, Daşýürek ýaly müňlerçe ýaşy arka atan gowaklaryň nusgasynda ajaýyp we üýtgeşik dag jynslarynyň birleşmesinden emele gelen kwarst duzlary bolan stalaktit we stalagmitler muzeýiň tebigat zalynyň ekspozisiýasyny bezeýär.
Tebigat bolumde Köýtendagda duş gelýän sütükli kerkaw agajynyň uzak ýaşan töňňesi bilen tanyşdyrylýar. Sütükli kerkaw agajy Köýtendagyň eňňitlerinde deňiz derejesinden 1000-2800 metr belentlikde duş gelýär.Onuň boýy 5 metr çenli bolup, köplenç gür görnüşde 3-10 düýp bolup ösýär. Kerkaw bally ösümlikleriň hataryna girýär. Miwesi iki ganatly, göni burçly, awgust-sentýabr aýlarynda ýetişýär. Şeýle-de tebigat bölüminde gadymy Türkmen piliniň ýokarky sag äň dişi we dişiniň aýry-aýry plastinalary görkezilýär. Olar Lebap welaýatyndaky Zeýd suw howdanynyň golaýynda gazylan çukuryň 11 m çuňlugynda slýudalaşan çägäniň arasyndan tapylan. Türkmen pili Türkmenistanyň çäginde 200-60 müň ýyl mundan öň Hazar döwrüniň ikinji ýarymynda giň ýaýran görnüş. Olar Gadymy Amyderýanyň we kölleriň kenarlaryndaky bölek tokaýlarynda topar bolup ýaşan, agaçlaryň baldaklary we ýapraklary bilen iýmitlenipdirler. Piller ullakan bolan, kelteräk göwreli, gönümelräk gyýakly, beýikligi 4,5 metre ýetipdir. Ekspozisiýasynda Türkmenistanyň çäginde tapylan, gadymy jandarlaryň daşa öwrülen galyndylaryda görkezilýär. Olaryň arasynda ýaşy 150 mln. ýyla barabar kelleaýakly mollýusklar – ammonitler ýerleşýär. Ammonitler (Ammonoidea) – bu ölüp ýok bolup giden daşy çaňňalakly kelleaýaklylaryň uly toparydyr. Şeýle-de Köýtendagdan gazylyp alynýan dürli hili mineral dag daşlary muzeýiň tebigat zalynyň ekspozisiýasyny bezeýär.
“Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz” diýlişi ýaly, gadymy, geçmiş taryhymyzy öwrenip, halka ýetirmekde uly işleri alyp barýarys. Biziň muzeýimize gelip, onuň bilen tanyşlyk açýanlar sähelçe salymda gadymy türkmen halkynyň buýsançly we guwançly geçmişine syýahat edýärler. Şol bir wagtda olar halkymyzyň bagtyýar şu gününi hem-de ajaýyp geljegini hyýalynda dikeldip bilýärler. Biziň muzeýimiz her bir adamda mukaddes Watanymyza, taryhyň şanly sahypalaryny ýazan edermen ata-babalarymyza uly guwanç, buýsanç hem-de söýgi döredip, ýaş nesilleri terbiýelemkde uly ähmiýete eýedir.