




Bölüm
Etnografiýa
Halkyñ etnografiýasy- milletiñ milli buýsanjy
Muzeýiň etnografiýa bölüminde halkymyzyň gadymy ýaşaýyş durmuşy, edim-gylymlary, urp-adatlary, däp-dessurlary asyrlaryň dowamynda inçeden sünnälenip gelnen sungatyň dürli görnüşleri, maddy we medeni gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bu bölümde türkmen halkynyň irki döwürlerden dowam edip gelýän ekerançylyk, maldarçylyk, jykyr suw desgasy, dokmaçylyk, ussaçylyk, zergärçilik sungaty hem-de müňýyllyklaryň dowamynda hereket eden Beýik Ýüpek ýolunyň ugrynda ýerleşen Gündogar bazary we türkmen durmuşyny beýan edýän ekspozisiýalar görkezilýär.
Ekerançylykda zähmet gurallaryndan azallar, kätmen, pil, teşe, oraklaryň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Azallary ýörite öý haýwanlaryna berkidip, ýerleri işläp bejermekde peýdalanypdyrlar. Kätmendir pil ýeri agdarmakda, ot ormakda bolsa oraklaryň dürli görnüşlerini ulanypdyrlar. Maldarçylykda maýda mallaryň ýüňlerini gyrkyp almaklyk üçin gyrkylyklaryň uly we kiçi görnüşleri, goýunlaryň, düýeleriň boýunlaryna dakylýan jaňjagazlar we ýag öndürýän juwaz iş guraly görkezilýär. Ekerançylykda suwaryşyň tebigy ýollary bilen birlekde emeli ýollaryna geçilipdir, akaba ýollarynyň uly-kiçiligine görä, suwaryş desgalarynyň diirli görnüşleri ýerli, tebigy şertlere laýyklykda döredilipdir. Şol suwaryş desgalarynyň bir görnüşi – jykyr bolup, ol ýapdaky suwuň derejesinden belent ýerleri suwarmak üçin giňden peýdalanylypdyr. Türkmenistanda jykyr has gadymy döwürlerden bäri ulanypdyr. Amyderýa boýlarynda VI-VII asyrlarda peýda bolupdyr. Ondan öň sepme, depme, nowa ýaly ýönekeý gurallaryň kömegi bilen suwuň derejesi ýokary galdyrypdyrlar. Ýerden oňat hasyl almak üçin 4-5 ga ýere bir jykyr ýeterlikdir. Ony hem öý haýwanlaryň - düýe, öküz, ýaby, eşek ýaly mallaryň güýji bilen herekete getirilipdir. Türkmenistanda XX asyryň başlarynda Amyderýanyň suwaryş ulgamyna degişli 15 müň jykyr we 600 nowa bolup, olaryň kömegi bilen 28 müň gektar ýer suwarylypdyr.
Orta asyrlarda Türkmenistanyň çäginde düýpli ylmy merkezleriň birnäçesi bolup, onda dünýäniň görnükli alymlary işläpdirler. Gadymy Amul şäherinde we beýleki birnäçe ýerlerde ylym-bilim berýän, bilim ojagy bolan medreseler döräpdir. Bu ekspozisiýada gadymy ýazuw kitaplarynyň daş basma we golýazma görnüşleri hem-de okuw esbaplarynyň birnäçesi görkezilýär. Ekspozisiýalarda at esbaplarynyň dürli görnüşleri barada maglumatlar ýerleşdirilendir.
Halkymyzyň geçmiş taryhynyň irki we giçki orta asyrlarynda Amul şäheri ösen söwda merkeziniň biri hökmünde tanalypdyr. Şol wagtlarda meşhurlyga eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň döremegine sebäp bolan ýüpekçilik uly söwda ýollaryny emele getiripdir. Iri söwda merkezleriniň biri bolan Amul şäherine dürli ýurtlardan gelýän täjirler söwda we haryt alyş-çalşygyny edipdirler. Ekspozisiýada Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gündogar bazarynda görkezilýän dürli milli gymmatlyklar, baý täjirleriň we adamlaryň geýen milli egin-eşikleri, şol döwrüň ýaşaýyş durmuşyny, medeniýetini, sungatyny açyp görkezýär. Bu ekspozisiýanyň dowamynda demir senetçiligi, mis, deri önümleri, keramika we keçeçilik, dokmaçylyk sungatynda ulanylýan dokma enjamlary, ýüpek we ýüň sapaklaryň taýýarlanyşy, dürli haly önümleri hem-de agaç senetçiligine degişli önümleriň dürli görnüşleri görkezilýär. Ekspozisiýada görkezilýän türkmen halkynyň zergärçilik sungaty ata-babalarymyzyň miras galdyran gymmatlyklarynyň bir çeşmesidir. Türkmenistanda zergärçilik sungaty gadymy döwürlerde emele gelip, soňra çylşyrymly şertlerde ösendigini getirilen taryhy, arheologik, etnografik maglumatlar tassyklaýar. Amyderýa ýakasynda ýaşaýan halklaryň ussalary öz şaý-sepleriniň ýüzüne gyzyl çaýmandyrlar. Milli şaý-seplerimiz dürli-dürli bolupdyr: bilezikler, maňlaýlyklar, sümsüleler, gülýakalar, tumarlar, teneçirler, apbasylar, dagdan şaýyny zenanlarymyz dakynypdyrlar.
Türkmen ak öýleri sökülip düzmekde amatlylygy üçin durmuşda giňden ulanylypdyr. Öýler gamyş çyglar, ak keçeler, tüýnükçeler, halylar bilen örtülipdir, aşyk, duz, çemçe torbalar, çuwallar, gapylyklar bilen bezelipdir. Ak öýüň howlusynda ene-mamalarymyzyň agaç sokularda bugdaýy döwýän, el degirmenlerinde un edýän iş pursatlary hem-de toý-dabaralar barada gürrüň berýän ekspozisiýasynda türkmen toý saçagyny bezeýän milli tagamlarymyzyň bişirilişi, gelinalyjy toý dabaralary görkezilýär. Toý-dabarasynda däp-dessurlara, urp-adatlara eýerip, gelin-gyzlaryň we ene-mamalaryň dakynan milli şaý-sepleriniň etniki aýratynlyklary, owadanlygy we dakylyş usullary, zenanlarymyzyň geýnen milli köýnekleri, begres, mahmal donlary, bogmaç başgaplary, “çemçe”, “deprek”, “çapak” tanslarynyň ýerine ýetiriliş usullary hem-de çaga egin-eşikleriniň görnüşleri barada ylmy maglumatlar görkezilýär. Ýene-de türkmen halkynyň milli mirasy we ruhy dünýäsi jemlenen milli saz-gurallary barada gürrüň berýän ekspozisiýada welaýatymyzyň halypa bagşy-sazandalarynyň suratly maglumatlary we milli saz gurallarymyz görkezilýär.