




Bölüm
Arheologiýa
Arheologiýa-şöhratly taryhyñ şaýady
Muzeýiň arheologiýa bölüminde türkmen halkynyň taryhyny, ýaşaýyş durmuşyny, medeniýetini we sungatyny açyp görkezýän müňýyllyklardan öz gözbaşyny alyp gaýdýan taryhy tapyndylar görkezilýär. Lebap welaýaty taryhy binagärlik we arheologik ýadygärliklere örän baý bolup, olaryň 200-e golaýy Kerki şäherindäki “Kerki” taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan hasaba alnandyr. Bu bölümde adamzat durmuşynyň irki döwürlerine degişli bolan daş asyrynyň tapyndylaryndan başlap, tä XX-asyryň başlaryna çenli bolan eksponatlar ýerleşdirilen. Esasan-da, dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleri döwründe gadymy Amul şäherinden, Hojaidat galasyndan, Häzarekdepe we Araphana ýaly ýadygärliklerden tapylan palçykdan ýasalan dürli heýkeljikler, toýun, küýze önümleri güýçli ösen Kuşan we irki orta asyr döwürlerine degişlidir. Ýene-de Lebap topragynda birnäçe asyrlaryň dowamynda ösen şalyklaryň, döwletleriň bolandygyna şaýatlyk edýän orta asyr jemgyýetçilik binalaryny, owadan şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň galyndylary saklanyp galypdyr. Olardan gadymy Amul galasy, Daýahatyn kerwensaraýy, Dargangala, Abu-Muslimiň ýadygärlikleri, Astanababa, Alamberdar kümmetleri, Idris baba medresesi we gadymy suw desgasy bolan sardaba ýaly ýadygärlikleri agzap geçmek bolar hem-de olaryň ylmy maglumatlary, ýasalan nusgalary goýulan dioramalar ýerleşdirilendir.
Ekspozisiýalarda Kuşan we irki orta asyrlar döwrüne degişli Araphana, Häzarekdepe arheologik ýadygärliklerden tapylan hasyl aýal hudaýynyň we haýwan terrakota heýkeljikleriniň täsin, üýtgeşik görnüşleri, syrçaly toýun gap-gaçlaryň bölekleri, kiçijik we dürli ulylykdaky toýun gaplar görkezilýär. Küýzegärler haýwanlaryň şekillerini dürli toýun gaplaryň, ýag çyralaryň, okaralaryň we beýleki gaplary bezemekde giňden ulanylypdyr. Küýzegärçilik sungaty XIII-XV asyrlarda has ýokary derejede ösdürilipdir. Dürli reňkli syrçalardan gap-gaçlary bezemek bilen bir hatarda, şol döwrüň bina ýadygärliklerini, kümmetlerini, kerwensaraýlary, köşkleri we beýlekileri reňkli, syrçaly kerpiçler bilen bezemeklik ýokary derejede ösüpdir. Amul galasyndan tapylan XVII-XVIII asyrlara degişli arhitektura bezegi bolan metjidiň mährabynyň özboluşly owadan görnüşi täsin tapyndylaryň hataryna girýär. Küýzegärçilik sungatynyň önümi bolan toýundan ýasalan gap-gaçlaryň ýüzüne çekilýän dürli şekiller, nagyşlar öz gözelligi, many-mazmun aýratynlygy bilen tapawutlanypdyr. Şekillerde ata-babalarymyzyň gündelik durmuşy, ýaşaýşy giňden beýan edilýär. XII asyra degişli Garabekewül etrabynyň Hojaidat galasyndan tapylan altyn-kümüş saklanýän humyň daşky görnüşi özüniň täsinligi bilen haýran galdyrýan tapyndylaryň biridir. Ekspozisiýada görkezilýän hum küýzeler Amul galasyndan, Araphana, Häzarekdepe ýadygärliklerinden tapylyp XII-XVIII asyrlara degişlidir.
Bu bölümde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Amul galasynyň gyzykly taryhy, dürli asyrlarda dörän gallalar, orta asyrlaryň binagärlik sungaty hem-de tapylan teňňeleriň dürli görnüşleri görkezilýär. Türkmenabat şäheriniň ady geçmişde Amul bolup, ol Merkezi Aziýada iň uly derýalaryň biri bolan Amyderýanyň orta akymynyň çep kenarynda ýerleşýär. Amul şäheri biziň eramyzdan öňki III- asyrdan döreýär. Bu şäheriň döremeginde Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ortaýer deňzine tarap geçen meşhur “Ỳüpek ýolunyň” aýratyn paýynyň bardygyny bellemelidiris. Ol döwri boýunça I-IV, XI-XIII, XV-XIX asyrlar bilen senelenýär. Amul galasy ilkibaşda harby goranyş galasy bolan. Şäheriň ady Amuýe, soň Amul bolupdyr. Gundogar ýyl ýazgylarynda bu şäher Mu ady bilen hem ýatlanylýar. Akademik Bartold Amul we Amy sözlerini bir kökden hasaplap, olaryň döremegi arap basypalyjylaryndan has irki döwür hasaplaýar. A.Wamberi “Amul” sözüni türki söz hasaplap, onuň “derýa” manyda ulanylandygyny aýdýar. Amul Amyderýanyň amatly derýa geçelgesinde we söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. XV asyryň ahyrlarynda Amul Çaharjuý ( soňra Çärjew) adyna eýe bolýar. Ýene-de şäher „Çaharjuý“-dört, çar tarapa ugur we dört joýa, ýap diýen at bilen bellidir. Ozalky Çärjew ady öz gözbaşyny hut şol atdan alyp gaýdýar. Bu galada A.Burhanow, A.A.Roslýakow, J.Durdyýew, G.Gutlyýew, N.Pilipko, G.Pugaçenkowa, T.Hojanyýazow, N.Bäşimowa ýaly alymlar bu ýadygärlikde ylmy-barlag, gazuw-agtaryş işlerini geçirip gadymy Amulyň geçmişi bilen bagly köp sanly maglumatlary ýüze çykarypdyrlar.
Ekspozisiýada Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda ýerleşýän XIV asyryň I-ýarymynda bina edilen Abu-Muslim ýadygärliginiň ýasalan nusgasy bilen tanyşdyrylýar. Ýadygärlik Dargan galanyň gündogar tarapynda ýerleşýär. Bu ýadygärlik bişen kerpiçden (26х26х4sm), üsti uly gümmezli (6x6m), owadan, göniburçly arhitektura binasy bolup girelgesi gündogar tarapda ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýadygärlik Kerki şäherindäki “Kerki” taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan goralýar. Şeýle-de Idris baba medresesi XVIII asyr asyra degişli bolup Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Magtymguly obasynda çäklerinde ýerleşýär. Bu medresäniň kaşaň ymaraty sap bişen kerpiçden bina edilipdir. Onuň üsti ullakan güberçek gümmez bilen ýapylyp, girelgesiniň üsti basdyrma bilen ýapylan binadyr. Onuň girelgesi günorta-gündogar tarapda ýerleşip, aýlawly görnüşde dik örümli kerpiçler bilen örülen we owadan nagyşly agaç gapysy bardyr. Idrisbaba medresesinde XVIII asyryň görnükli türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly-Pyragy, XIX asyryň türkmen şahyrlary Allaguly-Allahy, Molla Kerimberdi, Şüküri, Zynhary ýaly şahyrlaryň okap bilim alandygy barada ylmy maglumatlar görkezilýär.
Lebap welaýatynyň Kerki - Türkmenabat garaýolunyň 12 kilometr demirgazyk-günbatarda Muntasiriň ýadygärligi ýerleşýär. Ýerli ilat bu ýadygärlige „Alamberdaryň mazary ýa-da Alamberdar tugçynyň-Baýdak göterijiniň" mazary, “Ýeke gümmez” diýip atlandyrýarlar. Alamberdaryň kümmeti Türkmenistanda XI asyryň arhitektura binalarynyň iň oňat nusgalarynyň biridir. Ýadygärlik bişen kerpiçden we nagyşly örüm bilen örülen, öň ýüzi diwarlary owadan nagyşlar bilen timarlanypdyr. Bu taryhy ýadygärlikde dürli ýyllarda taryhçy alymlaryň, arheologlaryň ençemesi ylmy - barlag işlerini geçiripdirler. Ekspozisiýanyň dowamynda welaýatymyzyň Kerki etrabynda ýerleşýän Astanababa ýadygärligi barada gürrüň berilýär. Ýadygärlik ýerli ilat tarapyndan „Astanababa“, „Gyzlarbibiniň kümmeti“, „Dört gümmez öwlüýalar“, käteler bolsa doganlar Zeýid Aly bilen Zubeýd Alynyň kümmeti diýilip atlandyrylýar. Bu ýadygärligiň toplumyna şular girýär:dromos – açyk geçelgeden, howlujykdan, portaldan, ýapyk geçelgeden (dälizden), dört sütünli pilon zalyndan, metjitden, Zeýd Aly we Zübeýd Alynyň mazarlaryndan, hanyň diwanahanasyndan, üsti ýapyk geçelgeden we Gyzlarbibiniň guburhanasyndan ybaratdyr. Metjit iň gadymy bölegidir, ol Seljuklar soltany döwründe XII asyrda bina edilipdir. Hanyň diwany metjit bilen bir wagtda döräpdir. Gyzlarbibi kümmeti XIX asyrda bina edilen has giçki bölegidir. Astanababa ýadygärligi XI-XII asyrlaryň jaý gurluşygynyň iň gowy ýadygärlikleriniň biridir.
XII asyra degişli Daýahatyn kerwensaraýy-Türkmenabat şäherinden 185 km uzaklykda, demirgazykda Dänew etrabynyň Gabakly geňeşliginiň Halkabat obasynyň gündogarynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýär. Ol Amuldan Horezme gidýän orta asyr ýolunyň boýundaky ilat ýaşaýan ýerde beýik rabadyň üstünde ýerleşýär. Kerwensaraýyň arkalary, gümmezleri we egmekleri bişen kerpiçden (28x28x5,5sm) edilipdir, çig kerpiçden salnan diwarlar hem bişen kerpiç bilen nagyşly ýüzlenipdir. Käbir ýerlerinde kerpiç örüminden edilen relef ýazgylarynda halyflar Abu-Bekiriň, Omaryň, Alynyň ady bilen gelýän ýazgylar saklanypdyr. Bu ýadygärlik ylmy taýdan öwrenilende IX asyrda Tahyrlylar döwletini esaslandyryjy Tahyr ibn al-Huseýniň hökümdarlyk eden döwründe Merwden Horezme kerwen ýolunyň gurluşygy bilen birwagtda gurlupdyr. Rabadyň daşky diwarlary IX-X asyrlarda dikeldilendigini barlaglar görkezýär. Onuň daşky diwarlary göniburçly, bişmedik kerpiçden örülipdir, her burça çenli uzynlyk 100-112 metre deň bolupdyr. Kerwensaraý Garahanlylar döwründe-de, Köneürgenç şalary zamanynda, hat-da mongol çozuşlaryndan soň, Ýuçiler döwründe–de XIV-XV asyrlarynda-da adamlara hyzmat edipdir. Kerwensaraýyň mundan beýlägem dargap gitmeginiň öňüni almak we asyl durkuna getirmek üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça milli müdiriýeti ABŞ-nyň ilçisiniň Medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasynyň goldamagynda abatlaýyş işleri geçirilýär.
Bu bölümde welaýatymyzyň çäklerinde ýerleşýän emeli suw desgasy bolan sardabalar barada gürrüň berilýär. Sardaba-pars sözi bolup „emeli desganyň içinde ýygnanan dury, sowuk suw hanasy“ ýa-da „sowuk suw ýatagy“ diýmekdir, gadymy edebiýatlarda “serhowuz“, “serçeşme“ diýen sözler bilen hem manydaş bolupdyr. Olar takyrlyklaryň pes ýerlerinden gurulýar. Baharda ýagýan ýagyş suwy, ilki durlanýan çukurlara, soňra bolsa örän çuň gazylan howdana akdyrylýar. Şeýle sardabalaryň biri Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän XVI asyryň ikinji ýarymynda bina edilen Tallymerjen “Seňňirsulak“ atly sardabasy häzirki Hojambaz etrabynyň öri meýdanynda ýerleşýär. Alym, taryhçy, syýahatçy A.Wamberi Seňňirsulak adynyň „deşik daş“ diýen manyny aňladýandygyny belläpdir. „Çil gümmez“ - sardabasy hem Hojambaz etrabynyň Burdalyk daýan birleşiginiň Gyzylgum çöllüginiň öri meýdanynda ýerleşýär. „Ýylgynagyz“-sardabasy häzirki Köýtendag etrabynyň çäklerinde ýerleşmek bilen ýerli ilat arasynda oňa Abdylla han sardabasy hem diýilýär. Bu sardaba XVI asyra degişli bolup, gadymyýetde we häzirki döwürde ýerli ýaşaýjylar, kerwenler, jahankeşdeler içimlik agyz suwy, mallaryny, ekin meýdanlaryny suwarmak üçin peýdalanypdyrlar.
Şeýle-de bölümde 1901-nji ýylda Amyderýanyň üstünden geçýän ilkinji demir ýol köprüsi hakynda we beýleki birnäçe gyzykly maglumatlary jemleýän ekspozisiýalar bilen tanyşdyrylýär.