Garaşsyzlyk bölümi
Garaşsyzlyk bölümi
Garaşsyzlyk bölümi
Garaşsyzlyk bölümi

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda başy başlanan asylly işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Watanymyzda, gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan medeniýetimizi, milli mirasymyzy hemmetaraplaýyn gorap saklamaga, ösdürmäge we ony baýlaşdyrmaga dünýä halklaryny medeni gymmatlyklarymyz bilen içgin tanyşdyrylmagyna uly mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz tutuş sebitde umumyadamzat medeni gymmatlyklarynyň iň köp saklanyp galan ojagy bolan, ýurt hökmünde dünýä ýüzüne tanaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbangly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly “Pederlerimiz şöhratly geçmiş taryhymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri bitirdiler. Häzirki nesilleriň borjy bolsa ony indiki nesillere ýetirmekdir” diýýär. Baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesile geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bütewi ulgamydyr. Bu  gymmatlyklaryň birnäçesi dünýä mirasynyň genji-hazynasy hökmünde ykrar edildi.

         Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda medeni mirasymyzyň  we milli gymmatlyklarymyzyň jemlenýän ýeri bolan  muzeýler öz gapysyny halkymyza giňden açdy. Lebap  welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasy 2011-nji ýylyň  sentýabr  aýynyň 15-nde  açylyp  ulanmaga berildi. Muzeýimizde halkymyzyň taryhyny, şu günki ösüşlerini  çuňňur öwrenmekde milli gymmatlyklarymyz baý çeşme bolup hyzmat edýär.

          Garaşsyzlyk bölüminde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri, welaýatymyzda jemgyýetçilik durmuşy maksatly açylyp ulanylmaga berilen binalar, ykdysady we medeni ösüşlerimizi görkezýän suratlar we ýazgylar, edara - kärhanalarda öndürilýän önümleriniň toplumy hem-de olar baradaky ylmy maglumatlar görkezilýär. Bu bölümde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  we hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary ýerleşdirilen. Kitaplarda halkymyzyň şöhratly baý taryhy, baý medeni mirasy, döwletlilik ýörelgelleri we syýasy-ykdysady ösüşleri, giňden beýan edilýär.

         Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda Lebap welaýatynyň senagat pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Sanlyja ýyllarda döwletimiziň uly möçberli maýa goýumlarynyň hasabyna häzirkizaman kärhanalary gurlup, ulanylmaga berildi. Olarda diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarlar üçin hem bäsleşige ukyply harytlyk önümler uly möçberde öndürilýär. Olaryň hatarynda pagta egriji fabrikler, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk önümlerini öndüryän önümçilikler we beýlekiler bardyr. Garaşsyzlyk bölüminiň ekspozisiýalarynda ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine eýe bolan senagat toplumy, ulag we aragatnaşyk ulgamy,

 oba hojalyk toplumy, bilim, ylym, sport we medeniýet  ulgamlary,  Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy barada beýan edilýär. 

          Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Kuwwatly senagat kärhanalaryny gurmak we işe girizmek bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasynyň çäginde uly möçberli işler amala aşyryldy. Bu babatda Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektirik stansiýasyny, Seýdi şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän kärhanasy taslamasy we öndürýän önümlerini,  “Lebap” sement zawodynyň ikiniji tapgyrynyň, Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde lagym suwlaryny bir yere jemlemek üçin lagym sorujy bekediniň, Çärjew etrabynyň Bitik geňeşliginde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgasynyň, «Lebap» we «Watan» döwlet elektrik stansiýasynyň işe girizilmegini hem-de, hem-de «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekedi ýaly kämil önümçilik desgalaryny  belläp geçse bolar.

Şeýle-de ekspozisiýalarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ulag we aragatnaşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli möhüm işleriň beýanyna öwrülen, söwda – ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen welaýatymyzyň çäginde açylyp ulanylmaga berilen Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprüsi, Türkmenabat we Kerki halkara howa menzilleri ýurdumyzyň halkara ulag üstaşyr geçelgesiniň möhüm ugurlarynyň biridigi  barada giňişleýin beýan edilýär. 

          Alabaý biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr. Bu zalda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz türkmen halkymyza peşgeş eden “Türkmen alabaýy” atly kitabynda türkmen alabaý itleriniň gelip çykyşy, köpeltmegiň milli tejribesi, itşynaslaryň gadymy usullary barada hem-de  paýtagtymyzda we ähli welaýatlar bilen birlikde Farap etrabynyň çäginde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezi binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga  berilmegi barada maglumatlar ýerleşendir.

  Ekspozisiýanyň dowamynda welaýatymyzyň merkezi şäheriniň görküne görk goşýan  binalarymyzdan Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, 3000 orunlyk “Türkmeniň Ak öýi”  binasy, Lebap welaýat kitaphanasy bilen bagly bolan  fotosuratlar we  maglumatlar görkezilýär.

  Garaşsyzlyk bölüminde oba hojalayk pudagy barada gürrüň berýän ekspozisiýada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň oba hojalygynda Türkmenabat şäherinde 100 müň tonna bugdaýy saklaýan elewatorlar we birnäçe harazlar toplumy, pagta arassalaýjy kärhanalar, Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň öndürýän ýokary hilli önümleri, 100 ýyldan gowrak taryhy bolan “Buýan” agrosenagat kompleksinde hem-de Garaköli bagana zawodlarynda  öndürilýän önümleri barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.           

Türkmenistan döwletimiz dünýäniň birnaçe döwletleri bilen giň gerimli syýasy-diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlygyny günsaýyn ösdürýär. Ekspozisiýada 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Garaşsyz Türkmenistan GDA döwletleriniň arasynda ilkinjileriň biri bolup, öz parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň esasynda dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilenligi, 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky Konstitusion Kanunyň kabul edilmegi bilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň üç gezek  berilmegi we onuň pugtalanmagy barada gürrüň berýän maglumatlar bilen tanyşdyrylýar.  

 Ýurdumyz daşary döwletleri bilen strategiki gatnaşyklary pugtalandyrmagy we ösdürmegi dowam edýär. Lebabyň ýerasty baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazyň öndürilýän möçberini artdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylyar. Şu maksatdan ugur alyp, taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan 2009-nji ýylyň 14–nji dekabrynda  Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň ýurt baştutanlarynyň gatnaşmagynda welaýatymyzda energetika magistraly bolan uzynlygy 7 müň kilometr bolan “Türkmenistan-Hytaý” transaziýa gaz geçirijini ulanmaga bermekligiň açylyş dabarasy boldy. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynyň özenini düzýän döwletimiz goňşy ýurtlar, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp amala aşyrýan işler barada maglumatlaryň we suratlaryň üsti bilen beýan edilýär.