м
Bilimli ýaşlar –Watanymyzyň kuwwaty Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Şu günler milli senenamamyzda mynasyp orun alyp her ýyl ýurdymyzda täze okuw ýylynyň buşlugy bolup bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çärelere giň gerim berilýär. Dabaraly çäreler hoşallyk maslahatlary, syýasy söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar Gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar. Şu gün ,,Bilimli ýaşlar-watan kuwwaty” atly Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler. Gülälek Batyrowa – Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy
Türkmenabat şäher. S.A.Nyýazow köçesi. Tel: 8 422 3-99-52
Täzelikler